Gurbanguly Berdimuhamedow türkiýeli işewürler bilen duşuşdy

  • 28.06.2022 12:12
  • 10k+

27-nji iýunda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurtda iş alyp barýan türk kompaniýalarynyň ýolbaşçylary — “Polimeks Inşaat ve Sanayi A.Ş.” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Erol Tabanja, “Rönesans Holding”  kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjak, “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyk bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi.

Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Türkiýäniň kompaniýalary bilen köp ýyllaryň dowamynda netijeli hyzmatdaşlyk edýändigini, birnäçe bilelikdäki iri taslamalaryň, şol sanda gurluşyk ulgamyndaky taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň munuň aýdyň netijesidigini nygtady.
Hususan-da, Erol Tabanja ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk edýändigine buýsanýandygyny nygtap, “Polimeks” kompaniýasynyň özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de dowam etdirmäge, şoňa görä-de, ähli mümkinçiliklerini herekete girizmäge taýýardygyny tassyklady. Myhman Aşgabada şu gezek geleninde, ak mermerli türkmen paýtagtynyň örän özgerendigini, has-da owadanlaşandygyny, şeýle-de şäherde ägirt uly işleriň ýerine ýetirilendigini belledi.
“Rönesans Holding”  kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşykda Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary, bilelikdäki işde, şol sanda dünýä bazarlarynda uly islege eýe bolan önümleri çykarýan iri senagat desgalaryny gurmak ulgamynda toplanan tejribäni nazara alyp, köpýyllyk  hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alşyldy. 
“Çalyk Holding” kompaniýasynyň ýolbaşçysy bolsa özlerine berilýän hemmetaraplaýyn goldaw üçin türk işewürleriniň adyndan tüýs ýürekden  hoşallyk bildirip, Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň özara bähbitlilik ýörelgeleri esasynda geljekde-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdi.


şu gün 07:42
684

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......