Nikkei: Ýaponiýanyň häkimiýetleri ýurtda hasaba alynmasa Twitter bilen Meta jerime salar

  • 22.06.2022 07:40
  • 6.5k+

Ýaponiýanyň häkimiýetleri ýurduň çäginde ýuridiki şahsy degişli ýagdaýda hasaba aldyrmasa, daşary ýurt IT-kompaniýalaryna, şol sanda Twitter bilen Meta jerime salar. Bu barada “Nikkei” gazeti habar berýär diýip, TASS belleýär.  

Ýapon häkimiýetleri mart we iýun aýlarynda ýurtda doly derejeli ýuridiki şahsy hasaba aldyrmak talaby bilen jemi 48 sany IT kompaniýasyna ýüz tutdy. Bu talap ýurtda hemişelik esasda iş alyp barýan guramalara degişli. Bu ulanyjy hukuklary bozulan halatynda ýuridiki işleri ýönekeýleşdirýär.
Şeýle-de bolsa, tehnologiki kompaniýalaryň köpüsi diňe internetiň üsti bilen hyzmat hödürleýändikleri üçin marketing amallaryna jogap berýän aýratyn bir ýuridiki şahs ýeterlik diýip hasaplaýarlar. Neşiriň ýazmagyna görä, kompaniýalar salgyt ýüküniň köpelmeginden çekinip, hasaba alyş prosedurasyndan geçmäge howlukmaýarlar. Şol bir wagtyň özünde jerime bary-ýogy 1 mln ýena (takmynan, $7,4 müň) barabar.
Häkimiýetleriň maglumatlaryna görä, bu 48 kompaniýanyň birnäçesi hasaba alyş prosedurasyndan geçdi. Ýöne ne Twitter, ne-de Meta 15-nji iýuna çenli muny ýerine ýetirmedi, olar teswir bermekden-de saklandy diýip, “Nikkei” ýazýar. 


22.06.2026 23:12
4.9k+

Ýapon hünärmenleri bäbekleri uklatmak üçin ýörite saz döretdi

Kazyýet subutnamalary üçin sesleri seljermäge ýöriteleşen Ýaponiýanyň «Tiba audiokommunikasiýalar barlaghanasy» täjirçilik däl guramasy bäbekleri uklatmak üçin niýetlenen sazy döretdi. Bu saz ýazgysy X sosial......

19.06.2026 19:38
672

Threads platformasynyň auditoriýasy ýarym milliard adama ýetdi

Threads sosial ulgamy özüniň aýlyk auditoriýasyny 500 milliona ýetirip, X (öňki Twitter) platformasynyň görkezijilerine golaýlaşdy....

18.06.2026 22:13
5.5k+

Ýaponiýada doňdurma öndürijileriniň özara dildüwşügi derňelýär

Ýaponiýanyň Adalatly we dogruçyl söwda boýunça komissiýasy alty sany uly doňdurma öndürijisiniň bahalary emeli ýollar bilen düzgünleşdirmeginde şübhelenip, derňew işlerine başlady....

16.06.2026 23:19
2.4k+

Beýik Britaniýa 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlary ulanmagy gadagan eder

Beýik Britaniýanyň hökümeti 16 ýaşyna ýetmedik çagalaryň sosial torlardan peýdalanmagyny gadagan etmäge taýýarlyk görýär. Täze düzgünleriň 2027-nji ýylyň başynda güýje girmegine garaşylýar diýip, «BBC» habar......