Nio markanyň taryhynda iň kuwwatly elektromobili çykardy

  • 20.06.2022 17:03
  • 12k+

Hytaýyň Nio kompaniýasy markanyň taryhynda iň kuwwatly model bolan Nio ES7 elektrik krossowerini hödürledi. Bu barada Motor habar berýär diýip, Day.Az belleýär.

Awtomobiliň uzynlygy 4912 mm, ini 1987 mm, beýikligi 1720 mm. Teker bazasy 2960 mm ýetýär. Model NT2 adyny alan ikinji nesliň tehnologiki platformasynda gurnaldy. Onuň on hereket režimi bar. Adaty Comfort, Eco, Sport, Sport+ we Custom-dan başga-da, garda, çägede sürmek üçin, çygly ýol üçin, tirkeg çekmek we çylşyrymly ýerleri geçmek üçin (ýol ýagtylygyna +50 mm) ýörite profiller bar.
Krossower doly hereketlendiriji bilen ýeke-täk iki motorly wersiýada hödürlendi. Öňdäki okda kuwwaty 245 at güýji, yzky okda 408 at güýji bolan elektrik hereketlendirijisi goýuldy. ES7 sagatda 100 km çenli aralyga 3,9 sekuntda bat alyp bilýär, onuň iň ýokary tizligi bolsa sagatda 200 km bilen çäklenýär.
75 kilowatt-sagat Standard Range batareýasy bilen ýol ätiýajy 485 km, 100 kilowatt Long Range bilen 620 km, 150 kilowatt Ultralong Range bilen 850 km barabar.
Hytaýda adaty batareýaly awtomobili 468 000 ýuana, 100 kilowattlyk akkumulýator bilen 526 000 ýuana satyn almak bolýar. Soňrak 528 000 ýuana lýuks wersiýa ES7 Premier Edition peýda bolar.


24.06.2026 18:36
4.5k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

24.06.2026 17:04
3.2k+

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......

24.06.2026 08:16
3.1k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

17.06.2026 10:28
1.5k+

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....