Ahal welaýatynyň täze edara ediş merkezinde 5,5 müň adamlyk metjit gurlar

  • 19.06.2022 18:09
  • 15k+

Ahal welaýatynyň täze eda­ra ediş mer­ke­zinde 5 müň 500 adama niýetlenilen döwrebap metjidi gurmak meýilleşdirilýär. Bu barada Mil­li Ge­ňe­şiň Halk Maslahatynyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal we­la­ýa­ty­na iş sa­pa­ry­nyň barşynda mer­ke­zi­ň gur­lu­şy­gy bo­ýun­ça döw­let ko­mi­te­ti­niň baş­ly­gy D.Orazow, eda­ra ediş mer­ke­zi­niň şä­he­ri­niň hä­ki­mi Ş.Dur­dy­ly­ýew bilen geçiren iş maslahatynda belledi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde bellenilip geçildi.

Şol maslahatda we­la­ýa­tyň mer­ke­zi­niň gur­lu­şy­gy bo­ýun­ça döw­let ko­mi­te­ti­niň baş­ly­gy D.Ora­zow merkezde döwrebap metjidiň gurulmagy babatda komitete gelip gowşan teklip barada hasabat berdi. Se­bit­de iň iri we ägirt uly äh­mi­ýe­ti bo­lan welaýat merkeziniň taslamasyny iki tap­gyr­da dur­mu­şa ge­çir­mek me­ýil­leş­di­ril­ýär. Şä­her dü­zü­mi dur­muş hem-de beý­le­ki mak­sat­ly des­ga­la­ryň top­lu­my­ny özün­de jem­le­ýär. Şo­la­ryň ha­ta­ryn­da ýa­şa­ýyş jaý­la­ry, ça­ga­lar bag­la­ry, mek­dep­ler we beýleki ýö­ri­te­leş­di­ri­len okuw jaý­la­ry, sag­ly­gy go­ra­ýyş, me­de­ni­ýet, söw­da, hyz­mat­lar ul­ga­my­na de­giş­li eda­ra­lar, sport des­ga­la­ry, eda­ra bi­na­la­ry, ulag-ara­gat­na­şyk we in­že­ner­çi­lik-teh­ni­ki ul­gam­la­ra de­giş­li des­ga­lar bar.
Öň, TmCars.info Serdar Berdimuhamedowyň ilatyň haýyşlaryny nazara alyp, Ahal welaýatynyň Änew şäherinde, Balkan welaýatynyň Hazar şäherinde, Daşoguz welaýatynyň Ruhubelent etrabynda, Lebap welaýatynyň Döwletli etrabynda, Mary welaýatynyň Oguz han etrabynyň Şatlyk şäherinde metjitleri hem-de olaryň ýanynda sadaka bermek üçin niýetlenen jaýy gurmak baradaky teklipleri makullandygyny habar beripdi.


şu gün 00:03
567

Türkmenistanda göreji pes çagalar üçin informatika boýunça ilkinji gezek okuw gollanmasy neşir edildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurduň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň kör we çala görýän mekdep ýaşly çagalar bölümleriniň birinji synp okuwçylaryna niýetlenen «Informatikanyň......

düýn 19:31
1k+

Medeniýet hepdeligi – 2027 Daşoguz welaýatynda geçiriler

2027-nji ýylda Medeniýet hepdeligi 22-nji we 27-nji iýun aralygynda Daşoguz welaýatynda geçiriler. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gol çekdi. Resminama bilen guramaçylyk topary......

19.06.2026 10:10
3.6k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.5k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......