Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty (20.06 — 26.06)

  • 19.06.2022 17:28
  • 25989
Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty (20.06 — 26.06)

Öňümizdäki hepde Türkmenistanda temperatura ortaça +35 derejeden ýokary bolar, käbir günlerde bolsa howanyň +44 derejä çenli yssy bolmagyna garaşylýar diýip, howa maglumaty gullugy habar berýär.

Aşgabatda we Ahal welaýatynda duşenbe we sişenbe günleri howanyň aňrybaş temperaturasy +35 derejede saklanar. Çarşenbe güni termometriň sütünjigi +37 derejä  galar. Penşenbede howanyň +44 derejä çenli gyzmagy mümkin. Howa maglumaty gullugy anna güni +36 dereje, şenbe güni bolsa +38 dereje yssy bolar diýip çaklaýar. Ýekşenbe güni howa +41 derejä çenli gyzar.

Balkan welaýatynda howanyň gyzgynlygy duşenbe güni +36 derejä çenli, sişenbe güni bolsa +37 dereje bolar diýip garaşylýar. Çarşenbe we penşenbe günleri özi bilen +40 dereje gyzgynlygy getirer we şemal güýçlenip, tizligi sekuntda 17 metre ýeter. Anna güni gyzgynlyk az-kem düşüşip, termometriň sütünjigi +35 derejäni görkezer. Şenbe güni +40 derejä, ýekşenbe güni bolsa +43 derejä çenli yssy bolar diýip, howa maglumaty gullugy çaklaýar.  

Daşoguz welaýatynda duşenbe güni howanyň +33 dereje bolmagyna, sişenbe güni termometriň sütünjiginiň +34 derejä, çarşenbe güni bolsa +37 derejä çenli galmagyna garaşylýar. Penşenbede howanyň yssylygy +40 derejä ýeter. Howa maglumaty gullugy anna güni aňrybaş temperatura +38 derejä çenli düşüşer diýip çaklaýar. Şenbe güni howanyň +39 dereje, ýekşenbe güni bolsa +42 dereje bolmagyna garaşylýar. 

Mary welaýatynda duşenbe güni howa +35 dereje, sişenbede bolsa +33 dereje bolar diýip garaşylýar. Çarşenbe güni howanyň gyzgynlygy ýokarlanyp, +37 derejä ýeter. Howa maglumaty gullugy penşenbe güni  yssy +44 derejä ýeter diýip çaklaýar. Anna gününden ýekşenbä çenli temperatura +42 - +43 dereje aralygynda bolar. Şeýle-de, anna güni tizligi sekuntda 15 metre ýetýän şemalyň öwüsmegi mümkin. 

Lebap welaýatynda duşenbe güni temperatura +33 dereje bolup, az-kem ýagşyň ýagmagyna garaşylýar. Sişenbe we çarşenbe günleri özi bilen +34 - +45 dereje aralygyndaky temperaturany getirer. Penşenbe güni howanyň yssylygy artyp, +39 derejä çenli gyzar. Anna güni termometriň sütünjigi +42 derejä çenli galar. Dynç günlerinde +43 dereje yssy bolmagyna garaşylýar. 


30.11.2022 01:06
42193

Türkmenistana sowuk hem ýagynly howa aralaşýar

Türkmenistanda eýýäm şu hepdäniň ortalaryndan howanyň üýtgäp, sowuk hem ýagynly howa akymynyň aralaşmagyna garaşylýar. Sişenbe güni demirgazykda sebitlerde gije termometriň sütünjigi -2 — -7 gradusa düşüp biler...

14.11.2022 20:46
40786

Türkmenistanda içerki gatnawlaryň täzelenen tertibi neşir edildi

«Türkmenistan» awiakompaniýasy resmi saýtynda içerki howa gatnawlarynyň 2022-nji ýylyň 1-nji noýabryndan hereket edýän ugurlaryny we rejesini neşir etdi. Awiakompaniýa uçuşlaryň rejesiniň üýtgäp bilýändigini belläp...

07.11.2022 12:57
22565

Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty (07.11 — 13.11)

TmCars.info Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu hepdäniň (7-13-nji noýabr) dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumatyny...

07.10.2022 15:11
34643

Türkmenistanyň günbatarynda güýçli şemalyň öwüsmegine garaşylýar

10-njy oktýabrda Türkmenistanyň Balkan welaýatynda tizligi sekuntda 14-19 metre ýetýän güýçli şemalyň öwüsmegine garaşylýar diýip, «Meteožurnal» neşiri habar berýär. Hazar deňziniň orta böleginde tizligi sekuntda...