Serdar Berdimuhamedow bugdaýyň täze görnüşlerine at dakyp berdi

  • 18.06.2022 08:25
  • 20k+

17-nji iýunda Mary welaýatyna toý saparynyň çäklerinde Prezident Serdar Berdimuhamedow Wekilbazar etrabynyň “Türkmenistan” daýhan birleşiginiň ekerançylyk meýdanynda Türkmen oba hojalyk institutynyň Oba hojalyk ylmy-önümçilik merkeziniň ylmy işgäri, alym B.Nowruzow bilen söhbetdeş boldy.

Alym merkezde köp ýyllaryň dowamynda degişli ugurlar boýunça ylmy barlaglaryň geçirilýändigini aýtdy. Mysal üçin, bugdaýyň dok däneli, kesele durnukly we ýokary hasylly täze görnüşleri döredildi. Alym-agronom şeýle hem bugdaýyň täze, gylçykly we gylçyksyz görnüşleriniň hasyllylyk derejesiniň her gektardan 55 — 60 sentnere barabardygyny, olaryň 200 — 210 günüň dowamynda ýetişýändigini aýtdy, Şunuň bilen baglylykda, B.Nowruzow Prezident Serdar Berdimuhamedowa bugdaýyň täze döredilen görnüşlerine at goýmak baradaky haýyş bilen ýüzlendi.

Arkadagly Serdarymyz bugdaýyň täze görnüşleriniň häzirki döwrüň ruhuny alamatlandyrýan “Berkarar” we “Galkynyş” diýlip atlandyrylsa, maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy hem-de alym-agronomlara alyp barýan işlerinde üstünlik arzuw etdi. Döwlet Baştutany bu ýerde ýurdumyzyň obasenagat toplumynda işleýän ylmy-barlag institutlarynyň, ylmy-önümçilik merkezleriniň işini kämilleşdirmek, bu ugra häzirki zamanyň ösen tejribesini, täzeçil tehnologiýalary ornaşdyrmak meseleleriniň zerurdygyna ünsi çekdi hem-de bu babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe anyk tabşyryklary berdi.


düýn 13:45
11k+

Türkmenistanyň birnäçe etrabynda häkimleriň orunbasarlarynyň wezipä bellenilmegi tassyklanyldy

24-nji aprelde Türkmenistanyň Prezidenti Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynyň ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet edaralarynda kadr üýtgeşmeleri barada birnäçe Karara gol çekdi. Kararlar welaýat we etrap......

düýn 13:39
9.5k+

Türkmenistanyň Prezidenti birnäçe etraplaryň ýolbaşçy düzüminde üýtgeşmeleri geçirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 2026-njy ýylyň 24-nji aprelinde Mary we Lebap welaýatlarynyň etraplarynyň ýolbaşçylygyndaky üýtgeşmeler hakynda birnäçe Permana gol çekdi....

düýn 10:02
2.3k+

Baýramaly şäherindäki dokma toplumynda täze önümçilik işe giriziler

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew Hökümet mejlisiniň dowamynda ýurduň dokma senagaty pudagyny has-da kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi....

düýn 07:44
2.9k+

Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň önümçilik desgalary döwrebaplaşdyrylar

Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň işini kämilleşdirmek we önümçilik desgalaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça işler durmuşa geçirilýär. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Agajanow Hökümet......