Tagtabazarly gallaçylar ilkinji bolup bugdaý borçnamalaryny ýerine ýetirdiler

  • 18.06.2022 08:18
  • 7.6k+

17-nji iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow Mary welaýatyna toý saparyny amala aşyrdy. Bu ýerde Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew Prezident Serdar Berdimuhamedowa Tagtabazar etrabynyň gallaçy-kärendeçileriniň bugdaý tabşyrmak boýunça Watan öňündäki ýyllyk borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirendikleri barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutany hasabaty kabul edip, ekerançylary zähmet ýeňşi bilen gutlady hem-de Mary welaýatynyň zähmetkeşleriniň galla hasylyny ýygnamak boýunça borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirjekdiklerine ynam bildirdi.

Ýeri gelende bellesek, şu ýylda Tagtabazar etrabynyň edermen gallaçylary 7500 gektarda ýetişdirilen bugdaýdan 17300 tonnanyň ýerine, 17335 tonnadan geçirip bereketli hasyl almagyň hötdesinden geldiler. Bu baradaky tabşyryk 100,33 göterim ýerine ýetirildi. Ortaça her gektardan alnan hasyl 23 sentnere barabar boldy. Bu zähmet üstünliginiň gazanylmagyna etrabyň ähli daýhan birleşikleriniň, hususan-da, «Marçak», «Saryýazy», «Azatlyk», «Ýaşlyk» daýhan birleşikleriniň uly goşant goşandyklaryny bellemek gerek. Etrapda kombaýnlar, ýük daşaýjy awtoulaglar gije-gündiz bökdençsiz işledilýär.


08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
3.5k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......