Serdar Berdimuhamedow Eýranyň Beýik ruhy Lideri Hamaneýi bilen duşuşdy

  • 15.06.2022 19:31
  • 16k+

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow saparynyň çäklerinde Eýran Yslam Respublikasynyň Beýik ruhy Lideri Aýatolla Ali Hamaneýi bilen duşuşdy. Duşuşyga Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Ebrahim Raisi hem gatnaşdy.

Hamaneýi duşuşygyň barşynda Eýran Yslam Respublikasynyň goňşy döwletler bilen gatnaşyklaryny giňeltmäge uly ähmiýet berýändigini nygtap, Aşgabat bilen Tähranyň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmegiň iki ýurduň bähbidine bolup durýandygyny belledi. Bu barada Mehr habarlar gullugy habar berýär.
Aýatolla Hamaneýi: “Iki ýurduň arasyndaky bilelikdäki hyzmatdaşlyk toparynyň çynlakaý işjeň bolmaly we şertnamalar yzygiderli dowam etdirilmeli” -diýip aýtdy.
Türkmenistanyň Prezidenti Eýran bilen hyzmatdaşlygyň ähli ugurlarda ösdürilmegine ähmiýet berilýändigini belläp, şu gün gol çekilen ylalaşyklara laýyklykda, geljekde-de iki ýurduň arasynda, hususan-da, tebigy gaz, elektrik energetikasy, ýük gatnawlary, şeýle hem iri taslamalary durmuşa geçirmek babatda hyzmatdaşlyk ediljekdigini belledi.


düýn 20:55
1.7k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.4k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......