Türkmenistan we Eýran hyzmatdaşlyk hakynda resminamalaryň toplumyna gol çekdiler

  • 15.06.2022 16:13
  • 20k+

15-nji iýunda Tähranda Prezident Serdar Berdimuhamedow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň arasynda geçirilen ýokary derejeli gepleşikleriň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalaryň uly toplumyna gol çekildi. «Saadabad» toplumynyň «Jumhuri» köşgüniň eýwanynda iki ýurduň döwlet Baştutanlary dabaraly ýagdaýda Bilelikdäki Beýannama öz gollaryny goýdular. Umuman, Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Eýrana nobatdaky saparynyň çäklerinde möhüm resminamalaryň uly toplumyna gol çekildi.

Şolaryň hatarynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda 2022 — 2025-nji ýyllarda ylmy, medeni, döredijilik we bilim taýdan alyşmagyň Maksatnamasy; Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Gümrük müdirliginiň arasynda gümrük maglumatlaryny elektron görnüşde alyşmagyň Tehniki şertleri; Zähmet, iş bilen üpjünçilik we ilaty durmuş taýdan goramak babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Kooperatiwler, zähmet we durmuş abadançylygy ministrliginiň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Daşky gurşawy goramak babatda hyzmatdaşlyk etmek barada Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Daşky gurşaw departamentiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Hyzmatdaşlyk etmek boýunça Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Teleradiogepleşikler baradaky guramasynyň (IRIB) arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Habar beriş agentliginiň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Kiçi kärhanalar we senagat şäherçeler guramasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Hyzmatdaşlyk etmek barada Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Arhiwler we milli kitaphana guramasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Maýa goýumlar boýunça bilelikdäki komiteti döretmek barada Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen Eýranyň Maýa goýumlar, ykdysady we tehniki kömek boýunça guramasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Ulag we üstaşyr hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça Türkmenistanyň Hökümeti bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama bar. Iki ýurduň degişli düzümleri bilen halkara ýük daşamalar babatda hyzmatdaşlyk hakynda resminamalara hem möhüm orun berildi.
Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk hakynda Türkmenistanyň Ahal welaýatynyň häkimligi bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Horasan Şomali welaýatynyň häkimliginiň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk hakynda Türkmenistanyň Mary welaýatynyň häkimligi bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Horasan Rezawi welaýatynyň häkimliginiň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk hakynda Türkmenistanyň Balkan welaýatynyň häkimligi bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Gülüstan welaýatynyň häkimliginiň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama bolsa iki ýurduň sebitleriniň arasyndaky göni gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň şertnama-hukuk esaslaryny berkitmäge gönükdirilendir.


düýn 16:07
2.4k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
3.9k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 11:32
2.6k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....

14.05.2026 19:01
1.9k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....