Gurbanguly Berdimuhamedow Ahalyň täze merkezinde bolup, nobatdaky maslahaty geçirdi

  • 13.06.2022 10:24
  • 21k+

11-nji iýunda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, sebitiň täze,  döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işleriň barşy, desgalaryň çyzgylary hem-de bezeg taslamalary bilen tanyşdy. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde giň gerimli taslamany üstünlikli durmuşa geçirmek hem-de ozal berlen tabşyryklary ýerine ýetirmek meseleleri boýunça iş maslahatyny geçirdi.

Gahryman Arkadagymyz bu ýerde ulanylýan gurluşyk serişdeleriniň görnüşleri bilen gyzyklandy. Welaýatyň merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow,Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy D.Hudaýberdiýew merkeziň çäklerinde gurulýan desgalar, olaryň bezeg aýratynlyklaryna degişli taslamalar, desgalaryň ýerleşjek ýerleri baradaky çyzgylar, ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi barada giňişleýin maglumat berdiler. 

Görkezilýän taslamalaryň hatarynda Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň Baş meýilnamasy, merkeziň çäklerinde gurulýan Ahal welaýat çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň edara binasynyň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary, merkeziň Ruhyýet köşgüniň sahnasynda ýerleşdirilmegi meýilleşdirilýän ýazgylaryň görnüşleri, täze şäheriň Sirk binalar toplumynyň içki bezegleriniň, tomaşa zalynyň görnüşleri we  binada oturdylmagy meýilleşdirilýän enjamlaryň, serişdeleriň çyzgylary bar. Şeýle-de bu ýerde ýol-ulag düzümine degişli inženerçilik desgalarynyň görnüşleri görkezildi.

Soňra Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygyna merkeziň çäginde oturdylmagy meýilleşdirilýän ady rowaýata öwrülen Akhanyň ýadygärlik binasynyň aýratynlyklary boýunça ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi barada habar berildi. Şeýle-de Ahal welaýat çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde göz öňünde tutulýan muzeýiň ýerleşdiriljek ýeriniň çyzgylary görkezildi. Degişli ýolbaşçylar merkeziň Baş meýilnamasy düzülende, öňdebaryjy binagärlik meýilleriniň we iş tejribeleriniň öwrenilendigini habar berdiler.

Soňra Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy bu ýerde iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde alnyp barylýan gurluşyk işleriniň ýokary hil derejesini üpjün etmek hem-de bu işleri bellenilen möhletlerde tamamlamak bilen baglanyşykly meselelere garaldy.


08.06.2026 17:39
1.8k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
3.4k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......