Ýewropa 2035-nji ýyla çenli içinden ýandyrylýan hereketlendirijili awtoulaglardan ýüz öwrer

  • 12.06.2022 22:44
  • 15k+

Ýewropanyň mejlisi Ýewropada benzin we dizel ýangyjy bilen işleýän içinden ýandyrylýan hereketlendirijili (IÝH) täze ulaglary satmagy gadagan etmek baradaky teklibi goldady. IÝH-yň ýatyryljak senesi hem aýdyldy. Şol bir wagtda ulanyşdaky ulaglary sürmäge rugsat berler. Bu rezolýusiýanyň kabul edilmegini goldap 339 deputat ses berdi, 249 sanysy garşy çykdy, 24-si ses bermekden saklandy.

Ýewropanyň mejlisiniň bu karary maslahat beriji häsiýete eýe bolup, hakykatda ol hökmany hasaplanmaýar. Emma şunuň ýaly rezolýusiýalar Ýewropa ýurtlarynyň aglabasynyň häkimiýetleriniň golaý 10-15 ýylyň içinde benzin we dizel ýangyjy bilen işleýän awtoulaglardan ýüz öwürmäge hyýallanýandyklaryny aňladýar. Sebäbi Ýewropada häzir CO2 galyndylarynyň umumy möçberiniň takmynan 15%-i ýeňil ulaglara we ýeňil söwda ulaglaryna degişlidir.

Köp sanly iri ulag öndürijiler Ýewropa bileleşiginiň häkimiýetleriniň elektroulaglara geçmegi tizleşdirmek bilen bagly isleglerini dürli tarapdan goldaýarlar. Mysal üçin, Ford-yň we Volvo-nyň wekilleri bu çözgüdi eýýäm köpçüligiň öňünde goldadylar, Volkswagen AG-da bolsa 2030-2035-nji ýyllarda adaty IOH-ly awtoulaglary goýbermegi doly bes etmek meýliniň bardygyny birnäçe gezek mälim etdi. 


düýn 09:56
2.1k+

BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis bir bitewi dolandyryş ulgamyny döredýärler

Ýewropanyň iň iri awtoulag öndürijileri bolan BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis awtoulaglar üçin «Eclipse S-Core» dolandyryş ulgamyny bilelikde işläp düzmek barada ylalaşdylar. Bu taslama, hytaýly......

24.06.2026 17:04
3.2k+

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......

16.06.2026 09:57
6.1k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......

04.06.2026 14:32
3.2k+

Toyota Yaris Cross täzelenenden soň Ýewropadaky bahalaryna hem täzeden seredildi

Toyota täzelenen Yaris Cross krossoweriniň Ýewropa bazary üçin bahasyny yglan etdi. Täzelenenden soň, esasy baha 200 ýewro arzanlady we indi 31 695 ýewrodan başlaýar....