Ýaponiýa iki ýyldan soň ilkinji gezek 98 ýurduň syýahatçylary üçin açyldy

  • 11.06.2022 15:16
  • 7.2k+

Ýaponiýa iki ýyl iki aýdan soň ilkinji gezek syýahatçylara ýurda PZR-testsiz we karantin talap etmezden girmäge rugsat berip,  serhetlerini açdy diýip, RIA agentligi habar berýär.

Bu häzirlikçe Ýaponiýa tarapyndan koronawirus boýunça epidemiologik ýagdaýy birneme howpsuz diýip hasaplanýan 98 ýurduň az sanly guramaçylykly syýahatçy toparlaryna degişlidir.
Olar «mawy» diýilýän topara girýärler. Gyzyl topara epidemiologik ýagdaýy has agyr ýurtlar girýär, sary topara bolsa ýagdaýy aralyk ýurtlar degişlidir. Bu karar howa menzilleriniň karantin nokatlaryndaky her ýurt boýunça položitel PZR-testleriň sanyna görä kabul edildi.
Mawy topara ABŞ, Hytaý, Günorta Koreýa, Ýewropanyň ähli ýurtlary diýen ýaly girýär. Syýahatçylara sanjym alandyklary baradaky güwänamalary görkezmek we barandan soň karantin düzgünlerini berjaý etmek gerek bolmaz. Ýokarda agzalan ýurtlardan gelýän myhmanlar Ýaponiýanyň ähli syýahatçylyk akymynyň 80%-ni düzýär. 


25.06.2026 23:36
5.7k+

Syýahatçylaryňky çüwmedi: Eýfel diňi möhletinden öň ýapyldy

Fransiýadaky aşa yssy howa birnäçe meşhur syýahatçylyk ýerleriniň iş tertibiniň üýtgemegine getirdi. Ilkinjileriň hatarynda adaty wagtyndan öň ýapylan bolsa, Pariždäki Eýfel diňi boldy....

23.06.2026 09:50
5k+

Bir däl, iki däl, bäş esse: Ýaponiýa daşary ýurtlular üçin wiza tölegini galdyrýar

Kyodo agentliginiň habar bermegine görä, Ýaponiýanyň häkimiýetleri daşary ýurtlular üçin wiza tölegini bäş esse köpeltmek kararyna geldiler. Bu ädim inflýasiýanyň ýokarlanmagy we ýenanyň hümmetiniň pese......

22.06.2026 16:31
5.5k+

Wýetnam syýahatçylar üçin ýurda girmegiň düzgünlerini üýtgetdi

22-nji iýundan başlap, Wýetnama girmek üçin syýahatçylardan öňünden elektron geliş kartyny doldurmak talap ediler. Bu barada Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasy (ATOR) habar berýär....

22.06.2026 14:41
6.2k+

«Çöl arzuwy»: Saud Arabystany sebitde ilkinji ultra-kaşaň otlusyny işe girizýär

2026-njy ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystanynda «Dream of the Desert» («Çöl arzuwy») atly otlynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu Ýakyn Gündogarda syýahatçylyk üçin döredilen ilkinji «ultra-kaşaň» klasly......