Putin Serdar Berdimuhamedowa «Dostluk» ordenini gowşurdy

  • 11.06.2022 08:10
  • 25k+

10-njy iýunda Moskwadaky Uly Kreml köşgünde geçirilen ýokary derejeli türkmen-rus gepleşikleri tamamlanandan soňra, Prezident Serdar Berdimuhamedowy Russiýa Federasiýasynyň «Dostluk» ordeni bilen sylaglamak dabarasy boldy. Mälim bolşy ýaly, döwlet Baştutanymyza bu ýokary sylag Russiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna uly goşandy üçin Prezident Wladimir Putiniň Permany esasynda berlipdi.

Uly Kreml köşgüniň «Malahit» zalynda geçirilen sylaglamak dabarasynda Prezident Serdar Berdimuhamedow bu ýokary sylaga Türkmenistana hormatyň nyşany hökmünde garaýandygyny belläp: «Bu ýokary sylag biziň strategik hyzmatdaşlygymyzyň, halklarymyzyň we döwletlerimiziň arasyndaky dostlugyň, hoşniýetli goňşuçylygyň mizemezliginiň ýene bir aýdyň beýany bolar» diýip nygtady.

Mälim bolşy ýaly, «Dostluk» ordeni Russiýa Federasiýasynyň döwlet sylagy bolup, ol 1994-nji ýylda döredildi. 2021-nji ýylyň noýabrynda ordeniň statutyna üýtgetmeler girizildi we häzirki wagtda täze redaksiýasy boýunça hereket edýär. Bu abraýly döwlet sylagy bilen Russiýanyň hem-de daşary ýurtlaryň raýatlary sylaglanylýar.


şu gün 07:51
1.4k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

düýn 23:05
1.8k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......

düýn 16:45
1k+

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......

23.06.2026 22:17
2.2k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......