Serdar Berdimuhamedow Wladimir Putin bilen gepleşikleri geçirdi

  • 11.06.2022 08:08
  • 9.4k+

10-njy iýunda Russiýa Federasiýasyna ilkinji resmi saparyny amala aşyrýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Prezident Wladimir Putin bilen duşuşdy. Uly Kreml köşgünde açyklyk, birek-birege düşünişmek hem-de özara ynanyşmak ýagdaýynda geçirilen ikiçäk gepleşikleriň dowamynda strategik häsiýete eýe bolan türkmen-rus gatnaşyklaryny hil taýdan täze derejä çykarmak bilen bagly meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. 

Iki ýurduň döwlet Baştutanlary ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we geljekki mümkinçilikleri, özara gyzyklanma bildirilýän sebit hem-de halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri babatda pikir alyşdylar. Hazar ugry boýunça ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn derejedäki hyzmatdaşlygy dowam etdirmek, taraplaryň owgan meselesine çemeleşmeleri, howpsuzlygy hem-de durnuklylygy üpjün etmekde syýasy-diplomatik dialogy ilerletmek, parlamentara hyzmatdaşlygy ösdürmek nobatdaky gepleşikleriň esasyny düzdi. 

Şunda energetika, ulag-aragatnaşyk, ýol gurluşygy, senagat kooperasiýasy, oba hojalygy, gämigurluşyk, ýokary tehnologiýalar hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Taraplar, hususan-da, Türkmenistanyň Russiýanyň sebitleri — Tatarystan Respublikasy, Sankt-Peterburg, Astrahan oblasty bilen gatnaşyklarynyň ösüşine ýokary baha berip, medeni ynsanperwer, ylym-bilim, sport ulgamlarynda netijeli hyzmatdaşlygy dowam etdirmegiň zerurdygyny nygtadylar.

Gepleşikler tamamlanandan soňra, belent mertebeli myhmanyň hormatyna resmi günortanlyk nahary berildi. Soňra bu ýerde Prezident Serdar Berdimuhamedowy Russiýa Federasiýasynyň «Dostluk» ordeni bilen sylaglamak dabarasy boldy. Russiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna uly goşandy üçin döwlet Baştutanymyza bu ýokary sylagy Prezident Wladimir Putin gowşurdy.

Şeýle-de iki ýurduň Liderleri dabaraly ýagdaýda Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda strategik hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak baradaky Jarnama gol çekdiler. Ikitaraplaýyn resminama gol çekmek dabarasyndan soň bolsa iki ýurduň Liderleri köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler.


düýn 20:14
1.3k+

Raşid Meredow TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary bilen duşuşdy

30-njy aprelde Aşgabatda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň we Türki medeniýetiniň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretary Sultan Raýewiň arasynda gepleşikler geçirildi. Bu barada daşary......

düýn 17:05
1.9k+

Aşgabatda dördünji Duşenbe suw maslahatyna görülýän taýýarlyk boýunça brifing geçirildi

Türkmenistanyň paýtagtynda 2018 — 2028-nji ýyl­lar üçin “Suw dur­nuk­ly ösüş üçin” diýen halkara hereketleriň on­ýyl­ly­gynyň çäklerinde geçiriljek dördünji ýokary derejeli halkara maslahatyna taýýarlyk......

düýn 16:01
2.1k+

Türkmenistanyň Prezidenti Seýşeller Respublikasynyň DIM-iniň ýolbaşçysyny kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Aşgabada sapar bilen gelen Seýşeller Respublikasynyň daşary işler we diaspora ministri Barri Fory kabul etdi....

29.04.2026 15:42
1.3k+

Türkmenistanda Müsüriň täze ilçisi işe başlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa Müsür Arap Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Hamdi Şaaban......