Döwletliler köşgünde we Yzgantdaky 27-nji orta mekdepde düýpli abatlaýyş işleri geçiriler

  • 09.06.2022 06:35
  • 17k+

Şeýh Zaýed bin Sultan Al Nahaýýan adyndaky Döwletliler köşgünde düýpli abatlaýyş işleri geçiriler. Şunuň bilen bagly Karara 8-nji iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow gol çekdi. 

Resminama laýyklykda, Bilim ministrligine:

  • Aşgabat şäherindäki Şeýh Zaýed bin Sultan Al Nahaýýan adyndaky Döwletliler köşgünde düýpli abatlaýyş işlerini geçirmek barada “Ajaýyp-gurluşyk” hususy kärhanasy bilen;
  • Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesindäki Berdimuhamet Annaýew adyndaky 27-nji orta mekdebiň binasynda düýpli abatlaýyş işlerini geçirmek barada “Myhmansöýer” hususy kärhanasy bilen şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi.

Düýpli abatlaýyş işlerine 2022-nji ýylyň iýun aýynda başlamak we olary 2022-nji ýylyň awgust aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.


11.05.2026 22:59
1.3k+

Daşkentde «Ahalteke bedewi — halklaryň dostlugynyň nyşany» atly halkara maslahat geçirildi

Özbegistan Respublikasynyň paýtagty Daşkent şäherinde «Gündogaryň merjeni» ady bilen atly sport we gözellik bäsleşikleri hem-de «Ahalteke bedewi — halklaryň dostlugynyň nyşany» atly halkara ylmy-amaly maslahat......

08.05.2026 22:18
2.4k+

Türkmen kinematografiýaçylary «Turan» kinofestiwalynda abraýly baýraklara mynasyp boldy

3–8-nji maý aralygynda Türkiýäniň Izmir şäherinde guralan «Turan» halkara kinofestiwalynda türkmen kinematografiýaçylary uly üstünlik gazandy. Bu barada THP habar berýär....

07.05.2026 00:06
2.6k+

Pişik söýüjileriň bäsleşigi yglan edildi: gatnaşyjylar öz öý haýwany barada gürrüň bermeli

Ýewropa Bileleşiginiň (ÝB) Türkmenistandaky wekilhanasy Instagram sosial ulgamynda täze döredijilik bäsleşigini yglan etdi....

06.05.2026 09:18
13k+

Öňünden barlaň... «Türkmenhowaýollarynyň» Frankfurta uçuşlary 3-nji terminala geçirilýär

«Türkmenistan» awiakompaniýasynyň Frankfurt halkara howa menziline uçuşlary 2026-njy ýylyň 6-njy maýyndan başlap, 3-nji terminaldan amala aşyrylar we şol terminala hem geler. Bu barada awiakompaniýanyň özi......