Serdar Berdimuhamedow sebitdäki suw bilen bagly kynçylyklary çözmek üçin anyk tabşyryklary berdi

  • 09.06.2022 17:21
  • 31k+

8-nji iýunda geçiren maslahatynda Prezident Serdar Berdimuhamedow biziň sebitimizde suw bilen bagly kynçylykly ýagdaýlary göz öňünde tutup, wise-premýer A.Ýazmyradowa degişli tabşyryklary berdi.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezident, birinjiden, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň ýolbaşçylygynda Hökümet toparyny döretmek baradaky Kararyň taslamasyny taýýarlamagy, bu toparyň düzümine Ýokary gözegçilik edarasynyň, Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň, ylmy institutlaryň, welaýatlaryň häkimlikleriniň hem-de beýleki edaralaryň ýolbaşçylaryny goşmagy tabşyrdy.

Ikinjiden, Amyderýadan we Garagum derýasyndan başlap, derýalaryň hanasynda barlaglary geçirmegiň, suwuň akymynyň geçmezliginiň sebäplerini anyklamagyň, kemçilikleri düzetmek boýunça çäreleriň meýilnamasyny düzmegiň we olary amala aşyrmaga gyssagly girişilmeginiň zerurdygyny nygtady. Şunuň bilen birlikde, tehnikalary, läbik sorujylary, suw sorujylary, olaryň ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almak üçin zerur serişdeleri bölüp bermek barada teklipleri taýýarlamak tabşyryldy.

Üçünjiden, derýalar bilen birlikde, esasy suw akabalarynda hem barlaglar geçirilmelidir. Olary arassalamak, betonlamak boýunça çäreleriň meýilnamasyny düzmeli we bu meýilnamany amala aşyrmaga girişmeli diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow aýtdy.

Dördünjiden, suw süýjediji desgalaryň gurluşyk işlerine başlamak hem-de Hazar deňzinden Aşgabada suw bermek boýunça mümkinçiliklere seredilmelidir.

Bäşinjiden, döwlet Baştutany Ministrler Kabinetiniň her mejlisinde işleriň alnyp barlyşy barada hasabat bermegi wise-premýere tabşyrdy.


düýn 19:38
4.8k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.7k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......