Serdar Berdimuhamedow Medinedäki Muhammet pygamberiň metjidine baryp gördi

  • 03.06.2022 08:03
  • 60k+

2-nji iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygyna saparynyň çäklerinde Medine şäherine bardy. Ozal habar berlişi ýaly, 1-nji iýunda döwlet Baştutany mukaddes Mekge şäherine — Muhammet pygamberiň Watanyna umra hajyna barýan ähli zyýaratçylaryň berjaý etmeli dessurlaryny ýerine ýetirdi.

Şazada Muhammed bin Abdulaziz adyndaky Halkara howa menzilinde döwlet Baştutany Serdar Berdimuhamedowy Medine welaýatynyň häkimi Feýsal bin Salman Al Saud we beýleki resmi adamlar garşyladylar.

Bu ýerde geçirilen söhbetdeşligiň dowamynda hormatly Prezident hem-de Medine welaýatynyň häkimi, Patyşanyň bäşinji ogly Feýsal bin Salman Al Saud deňhukuklylyk we özara hormat goýmak esasynda alnyp barylýan döwletara gatnaşyklaryň häzirki derejesine ýokary baha berdiler.

Soňra Prezident Serdar Berdimuhamedow Muhammet pygamberiň metjidine bardy. Prezident Serdar Berdimuhamedow wekiliýet agzalary bilen bilelikde Muhammet pygamberiň metjidiniň hormatyna namaz okady. Pygamberimiziň müdimilik aram tapan ýerinde Beýik Biribardan ata Watanymyzyň abadançylygy, halkymyzyň parahatçylygy we rowaçlygy üçin doga-dilegler edildi. Hajy Arkadagymyzyň 2016-njy ýylda bu ýerde bolup, namaz okandygyny hem-de mukaddes toprakda ýagşy dilegleriň, umyt-arzuwlaryň Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolmagyny dileg edendigini bellemek gerek. 

 Musulman Gündogarynyň bu meşhur şäheri bolan Mekgä “Al-mukarram”, “Umm-al-kura” («Mübärek şäher», «Şäherleriň enesi»), Medinä bolsa “Al-munawwara”, ýagny “Nurana Medine” ýaly aýratyn atlaryň berilmegi tötänden däldir. Häzirki wagtda 1 milliondan gowrak ilaty bolan bu iri şähere her ýyl şonçarak zyýaratçy gelýär. Bu toprakda Muhammet pygamberiň jaýlanandygy üçin Medine şäheri Mekge bilen deň derejede tutuş dünýäniň musulmanlary üçin mukaddesdir. Muhammet pygamberiň metjidi (Al-Masjid an-Nabawi) dünýäde ululygy boýunça ikinji metjit bolup, şäheriň esasy we ajaýyp künjegidir. Onuň gurluşygyna pygamberimiziň hut özi gatnaşypdyr. Aradan çykandan soň ol bu ýerde jaýlanýar. 

Her bir musulman üçin mukaddes bolan ýerlere zyýaratdan soňra, hormatly Prezident Saud Arabystany Patyşalygynyň wekillerine mukaddes toprakda — yslam dininiň watanynda türkmen wekiliýetine bildirilen myhmansöýerlik üçin çuňňur minnetdarlygyny beýan edip, Watanymyza ugrady.


şu gün 10:07
54

Türkmenistanda tebigatçylar üçin iki günlük ekologiýa çäresi guraldy

Türkmenistanda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli «Ýaşyl geljek üçin hyzmatdaşlyk» atly iki günlük ekologiýa çäresi geçirildi. Bu çäräni Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri barada Milli......

düýn 14:40
1.6k+

Aşgabatda konsertler we sergi bilen Azerbaýjanyň medeniýet günleri geçirilýär

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy....

düýn 11:47
7k+

Dubaý we Abu-Dabi şäherlerine gatnawlar iýunyň ortasyna çenli ýatyrylýar

Eýran Yslam Respublikasynyň howa giňişligine girizilen çäklendirmeleri nazara alyp, uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen «Türkmenistan» awiakompaniýasy AGPJ tarapyndan ýerine ýetirilýän Aşgabat —......

03.06.2026 18:04
2.3k+

A.S.Puşkin adyndaky teatr Russiýada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Paýtagtymyzdaky A.S.Puşkin adyndaky rus döwlet drama teatry 2026-njy ýylyň 22-nji we 31-nji maýy aralygynda geçirilen «Melihowo bahary» atly XXVI halkara teatr festiwalyna gatnaşdy....