Serdar Berdimuhamedow Mekgede umra haj parzyny berjaý etdi

  • 02.06.2022 09:25
  • 59k+

Ozal habar berşimiz ýaly, 1-nji iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň umra hajy däp-dessurlaryny berjaý etmek üçin Saud Arabystany Patyşalygyna iki günlük sapary başlandy. Döwlet Baştutanynyň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlanyp, daşary ýurda ilkinji saparynyň yslam dünýäsinde keramatly saýylýan mukaddes ýerlere amala aşyrylýandygy aýratyn bellärliklidir.

Prezident Serdar Berdimuhamedow bilen bir uçarda, keramatly topraga zyýarat etmek üçin ýurdumyzyň ähli welaýatlaryna we Aşgabat şäherine wekilçilik edýän hormatly ýaşulularyň, kümüş saçly eneleriň hem gidendigini bellemeli. 
...Prezident Serdar Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynyň din wekilleriniň ugratmagynda Al-Haram metjidine bardy. Mukaddes Al-Haram metjidiniň ýanynda döwlet Baştutany we Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalary öýle namazyny (Mültezem) okadylar. Şondan soňra Arkadagly Serdarymyz we türkmen zyýaratçylary umra haj üçin ähli dessurlary ýerine ýetirip başladylar.
Mukaddes Käbäniň daşyndan ýedi gezek aýlanyp, hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedow gara daşyň ýanyna barýar we Beýik Biribardan doga-dileg etdi. Soňra zyýaratçylar kaşaň metjit toplumynyň çäginde ýerleşýän Makam Ybraýym atly ýere geldiler. Serdar Berdimuhamedow hem-de wekiliýetiň agzalary mukaddes Zemzem çeşmesinden suw içdiler we Beýik Biribardan doga-dileg etdiler.
Soňra türkmen zyýaratçylary saý dessuryny ýerine ýetirdiler, ýagny Gurhanda ady geçýän Safa we Merwe daglarynyň arasynda ýedi gezek aýlandylar. Bu dessur hem sag eliňi ýokary götermekden başlanýar.
Bu dessur tamamlanandan soňra, hormatly Prezident we ýanyndaky adamlar iki rekagat nepil namazyny okadylar.
Iýun aýynyň 1-inden 2-sine geçilýän gijede hormatly Prezidentimiziň zyýaratynyň çäklerinde mukaddes Käbäniň — Allatagalanyň öýüniň keramatly örtügi serpilip, mübärek gapylary açyldy we onuň içinde namaz okamak üçin ýörite mümkinçilik döredildi. Ilki bilen, döwlet Baştutany mukaddes Gara daşy öpüp, oňa togap etdi. Hormatly Prezidentimize üç ýerde — Muhammet pygamberiň namaz okan ýerinde, Käbäniň içki diwarynyň ýanynda, Gara daşyň iç ýüzündäki keramatly burçunda namaz okamaga mümkinçilik döredildi.
Döwlet Baştutany bu ýerde musulman dünýäsiniň asylly dessurlaryny berjaý edip, mukaddesliklere togap etdi. Bu ýerde Prezident Serdar Berdimuhamedowa mukaddes Käbeden keramatly nyşan hasaplanýan teperrik gowşuryldy. 
Mälim bolşy ýaly, haj diňe bir mukaddes ýerlere zyýarat we uly sogap işleriň biri bolmak bilen çäklenmän, eýsem, yslamyň bäş parzynyň biridir hem-de mümkinçiligi bolan her bir musulman üçin hökmanydyr, ýöne adamlaryň millionlarçasy haj üçin kesgitlenen ýörite aýda däl-de, ýylyň islendik beýleki wagtynda umra hajyny ýerine ýetirýärler. Umra we haj ýerine ýetirilenden soňra, musulmanlaryň köňli aram tapyp, ruhy taýdan päklenýär diýlip düşünilýär.


şu gün 11:48
7.3k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaýa dostluk saparyny tamamlap, Aşgabada dolandy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasyna bolan dostluk saparyny tamamlap, Türkmenistana gaýtdy. TDH agentliginiň habar bermegine görä, Pekindäki çärelerden soň, ol «Şoudu» halkara howa menziline baryp, ol ýerden Türkmenistana uçdy...

şu gün 11:19
6.2k+

Saud Arabystanynda Dünýä çempionaty — 2034 üçin ägirt stadionyň gurluşygy görkezildi

Saud Arabystanynda Kiddiýadaky şazada Muhammet bin Salmanyň köpugurly stadionynyň gurluşygyndan täze suratlar hödürlendi. Bu stadion 2034-nji ýylda geçiriljek futbol boýunça dünýä çempionatynyň esasy meýdançalarynyň biri hökmünde görülýär...

şu gün 07:48
4k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow türkmen halkyny Oraza baýramy bilen gutlady

Şu gün Türkmenistanda ahlak we ruhy tämizligiň nyşany bolan mukaddes Oraza baýramy bellenilýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň halkyny we mähriban watandaşlarymyzy bu şanly baýram mynasybetli gutlady...

18.03.2026 20:05
2.9k+

Türkmenistan Minsk şäherindäki kitap ýarmarkasynda milli pawilýonyny tanyşdyrdy

Türkmenistanyň ilçihanasy 17-nji martda açylan XXXIII Minsk halkara kitap sergi-ýarmarkasynda milli pawilýonyny tanyşdyrdy. Bu barada Orient habarlar agentligi habar berýär. Şu ýyl bu forum Belarusyň paýtagtynyň administratiw toplumynda geçirilýär we oňa 23 ýurtdan 500-e golaý gatnaşyjy ýygnandy...