Gurbanguly Berdimuhamedow Daşoguz köpugurly hassahanasyna baryp, bejergi alýan çagalar bilen duşuşdy

  • 01.06.2022 09:34
  • 18k+

31-nji maýda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow döwlet Baştutanynyň tabşyrmagy boýunça Daşoguz welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz ýakynda Daşoguz şäheriniň merkezinde açylyp ulanmaga berlen welaýat köpugurly hassahanasynda bolup, bu ýerde halkymyzyň, aýratyn-da, ösüp gelýän ýaş nesilleriň saglygyny goramak, keselleriň öňüni almak boýunça edilýän tagallalar bilen tanyşdy we welaýatyň oba hojalygyny mundan beýläk-de ösdürmek bilen baglanyşykly meselelere bagyşlanan iş maslahatyny geçirdi.

Gurbanguly Berdimuhamedow ir bilen Daşoguz şäheriniň merkezinde ýerleşýän köpugurly hassahana gelip, onuň bölümlerinde döredilen şertler, aýratyn-da, bejergi alýan çagalaryň saglyk ýagdaýlary bilen tanyşdy. Gahryman Arkadagymyz operasiýa etmäge taýýarlanýan çagalaryň saglyk ýagdaýy, bu ýerde edilýän lukmançylyk hyzmatlary we onuň netijeleri bilen gyzyklandy. Hormatly Arkadagymyz hassahananyň otaglarynyň ýene-de birine baryp, bu ýerde bejergi alýan çagalaryň saglyk ýagdaýlary bilen gyzyklandy.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyndan degişli ýardam beriljekdigini belledi hem-de ene-atalara çagalarynyň tiz sagalmagy baradaky arzuwlaryny beýan etdi.

Soňra hormatly Arkadagymyz hassahanada bejergi alýan çagalara öz sowgatlaryny gowşurdy.


11.05.2026 23:10
2.5k+

ABŞ-da bäş aýlyk çagada Kanawan keselini bejermek boýunça seýrek operasiýa geçirildi

ABŞ-da seýrek duş gelýän neslegeçiji keselleriň biri bolan Kanawan keselinden ejir çekýän irlandiýaly bäbekde synag görnüşindäki gen terapiýasy amala aşyryldy. Bu ädim dünýäde şular ýaly ilkinji lukmançylyk......

10.05.2026 18:46
3.8k+

BSGG-niň ýolbaşçysy hantawirusy pandemiýa bilen deňeşdirmezlige çagyrdy

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) baş direktory Tedros Gebreýesus hantawirusyň COVID-19 pandemiýasy ýaly uly howp döretmeýändigini resmi taýdan mälim etdi....

08.05.2026 22:15
7.5k+

ABŞ-da heniz dünýä inmedik çaga operasiýa edilip, ýene ene göwresine ýerleşdirildi

Amerikanyň Florida ştatynda lukmanlar göwrelilik döwründe çaganyň bedeninde örän seýrek duş gelýän operasiýany amala aşyrdylar....

08.05.2026 00:12
4.4k+

Russiýada nerwleriň, süňkleriň we oňurga ýiliginiň transplantasiýasyna rugsat berildi

2026-njy ýylyň 1-nji sentýabryndan Russiýada transplantasiýa etmäge rugsat berilýän beden agzalarynyň we dokumalaryň täzelenen sanawy güýje girýär....