Daşoguzda sebitde deňi-taýy bolmadyk onkologiýa hassahanasy açyldy

  • 28.05.2022 08:34
  • 27k+

27-nji maýda Prezident Serdar Berdimuhamedow Daşoguz welaýat köpugurly hassahanasy bilen birlikde, 150 orunlyk täze onkologiýa hassahanasynyň açylyş dabarasyna hem gatnaşdy. Döwlet Baştutany aýdym-saz we tans toparlarynyň şowhunly çykyşlary astynda toý bagyny kesip, döwrebap lukmançylyk desgasynyň aýry-aýry bölümleriniň işi bilen ýakyndan tanyşdy.

Daşoguz şäherinde gurlan täze onkologiýa hassahanasy umumy meýdany 5,9 gektara deň bolan 6 bölekden, 3 gatly bejeriş bölümli binalar toplumyndan, operasion we laborator-anyklaýyş, maslahat beriş bölümlerinden, hojalyk hem-de tehniki binalardan ybaratdyr. Onda maslahat beriş we anyklaýyş, endoskopiýa, barlaghana, 50 orunlyk umumy onkologiýa, 50 orunlyk radiologiýa, 20 orunlyk himiýaterapiýa, 20 orunlyk gematologiýa, 10 orunlyk polliatiw hem-de 12 orunlyk anesteziologiýa we reanimasiýa bölümleri hereket edýär. Ýeri gelende daşary ýurtly bilermenler tarapyndan Daşoguz şäherinde gurlan täze hassahanalara halkara güwänamalaryň gowşurylandygyny-da nygtamak gerek.

Daşoguz welaýat onkologiýa hassahasy hem, täze köpugurly hassahana hem Germaniýa, Fransiýa, Italiýa, Ýaponiýa, Amerikanyň Birleşen Ştatlary, Niderlandlar Patyşalygy, Çehiýa, Daniýa, Finlýandiýa, Beýik Britaniýa ýaly döwletleriň öňdebaryjy öndürijileriniň iň kämil lukmançylyk we tehniki enjamlary, saglygy goraýyş maksatly beýleki serişdeleri bilen üpjün edilendir.

Täze lukmançylyk edaralarynda zähmet çekjek hünärmenler bolsa ýurdumyzyň merkezi hassahanalarynda, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde, Türkiýede, Russiýada hünär kämilleşdiriş okuwlaryny geçen tejribeli lukmanlardyr.


20.06.2026 12:08
7.4k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.7k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.4k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......