Serdar Berdimuhamedow Daşoguzda täze köpugurly hassahanany açdy

  • 28.05.2022 08:29
  • 15k+

27-nji maýda Daşoguz şäherinde täze lukmançylyk merkezleriniň ikisi — 450 orunlyk köpugurly hassahana hem-de 150 orunlyk onkologiýa hassahanasy açylyp ulanmaga berildi. Olaryň açylyş dabaralaryna Daşoguz welaýatynda ilkinji gezek toý saparynda bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy.

Irden döwlet Baştutany Daşoguz welaýat köpugurly hassahanasynyň öňündäki meýdançada mähirli garşylanyldy. Bu ýerde aýdym-saz we tans toparlary şowhunly çykyşlary ýerine ýetirdiler. 

Hormatly Prezidentäze lukmançylyk desgasynyň açylmagy mynasybetli dabara gatnaşyjylaryň öňünde söz sözläp, hassahananyň aýratynlyklary we ilata ýokary hilli lukmançylyk kömegini bermek üçin döredilen şertler barada durup geçdi. Soňra dabara gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda toý bagyny kesip, döwlet Baştutany Serdar Berdimuhamedow köpugurly hassahananyň mümkinçilikleri bilen tanyşdy.

Ýeri gelende bellesek, Daşoguz welaýat häkimliginiň buýurmasy esasynda «Ajaýyp-gurluşyk» hususy kärhanasy tarapyndan bina edilen täze köpugurly hassahana 7 bölekden, 4 gatly bejeriş bölümli binalar toplumyndan, gaýragoýulmasyz «Tiz kömek», anesteziologiýa we reanimasiýa, operasion we laborator-anyklaýyş, maslahat beriş bölümlerinden, hojalyk hem-de tehniki binalardan ybaratdyr. Ýokary derejeli, köptaraplaýyn lukmançylyk kömegini bermäge niýetlenen saglygy goraýyş desgasynda merkezi kabul ediş, maslahat beriş we anyklaýyş, endoskopiýa, şöhle bilen anyklaýyş, fizioterapiýa, rewmokardiologiýa, torakal, endowaskulýar hirurgiýa, infarkt, umumy kardiologiýa, nefrologiýa, toksikologiýa we gemodializ, umumy hirurgiýa, umumy newrologiýa, iriňli hirurgiýa we ýanyk keselli näsaglar, trawmatologiýa we ortopediýa, neýrohirurgiýa, otorinolaringologiýa keselleri, urologiýa, anesteziologiýa we intensiw bejeriş, arterial gipertoniýa, pulmonologiýa we allergologiýa, kelle-beýni gan aýlanyş, endokrinologiýa, endokrin hirurgiýa ýaly bölümleriň 32-si hereket eder.


düýn 23:10
493

ABŞ-da bäş aýlyk çagada Kanawan keselini bejermek boýunça seýrek operasiýa geçirildi

ABŞ-da seýrek duş gelýän neslegeçiji keselleriň biri bolan Kanawan keselinden ejir çekýän irlandiýaly bäbekde synag görnüşindäki gen terapiýasy amala aşyryldy. Bu ädim dünýäde şular ýaly ilkinji lukmançylyk......

10.05.2026 18:46
3.4k+

BSGG-niň ýolbaşçysy hantawirusy pandemiýa bilen deňeşdirmezlige çagyrdy

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) baş direktory Tedros Gebreýesus hantawirusyň COVID-19 pandemiýasy ýaly uly howp döretmeýändigini resmi taýdan mälim etdi....

08.05.2026 22:15
7.3k+

ABŞ-da heniz dünýä inmedik çaga operasiýa edilip, ýene ene göwresine ýerleşdirildi

Amerikanyň Florida ştatynda lukmanlar göwrelilik döwründe çaganyň bedeninde örän seýrek duş gelýän operasiýany amala aşyrdylar....

08.05.2026 00:12
4.4k+

Russiýada nerwleriň, süňkleriň we oňurga ýiliginiň transplantasiýasyna rugsat berildi

2026-njy ýylyň 1-nji sentýabryndan Russiýada transplantasiýa etmäge rugsat berilýän beden agzalarynyň we dokumalaryň täzelenen sanawy güýje girýär....