Daşoguzdaky "Serdar" pagta egriji fabriginiň durky täzelener

  • 27.05.2022 14:23
  • 6.7k+

Daşoguz şäherindäki “Serdar” pagta egriji fabriginiň durkuny täzelemek we döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrmak göz öňünde tutulýar. Şunda Dokma senagaty ministrligi tarapyndan halkara bäsleşik geçirilip, bu mesele boýunça teklipler öwrenildi. Bu barada Daşoguzda geçirilen göçme Hökümet mejlisinde wise-premýer Ç.Gylyjow hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, fabrigiň durkunyň täzelenip, döwrebap enjamlar bilen täzeden enjamlaşdyrylmagy netijesinde kärhananyň önümçilik kuwwaty artar, öndürilýän önümleriň hili ýokarlanar, eksportyň möçberleri artar, täze iş orunlary dörediler.

 Prezident Serdar Berdimuhamedow kärhanalaryň döwrebaplaşdyrylmagynyň we öňdebaryjy enjamlar bilen üpjün edilmeginiň öňde goýlan maksatlara üstünlikli ýetmäge ýardam edýändigini nygtap, teklipleri içgin seljermegiň, olaryň üstünde işlemegiň wajypdygyny aýtdy we bu babatda anyk görkezmeleri berdi.


düýn 20:55
2.2k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.5k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......