Hazarýaka döwletleriň wekilleri Türkmenistanda geçiriljek VI Hazar sammitini maslahatlaşdylar

  • 25.05.2022 18:29
  • 12k+

23-24-nji maýda Tähran şäherinde Hazar deňziniň meseleleri boýunça ýokary derejeli Iş toparynyň dördünji duşuşygy geçirildi. Bu barada azerforum.com saýty habar berdi.

Gün tertibine laýyklykda, onuň barşynda Hazar deňzinde göni çyzgylary kesgitlemegiň usulyýeti baradaky şertnamanyň taslamasy ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu resminamanyň üstünde işlemek dowam etdiriler. Gepleşiklere Azerbaýjandan H.Halafowyň, Gazagystandan Z.Amanžolowyň, Russiýa Federasiýasyndan M.Petrakowyň we Türkmenistandan M.Atajanowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetler gatnaşdy. Duşuşyga Eýran Yslam Respublikasynyň wekiliýetiniň başlygy M.Barimani ýolbaşçylyk etdi.

Taraplar Türkmenistanda geçirilmegi meýilleşdirilýän VI Hazar sammitine taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar we Hazardaky hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary barada pikir alyşdylar. Hazar deňziniň meseleleri boýunça ýokary derejeli Iş toparynyň indiki duşuşygy Türkmenistanda geçiriler we onuň takyk senesi diplomatik ýollar arkaly ylalaşylar.


düýn 19:38
2.8k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.1k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......