Gurbanguly Berdimuhamedow Tatarystanyň Döwlet Geňeşiniň Başlygyny Türkmenistana çagyrdy

  • 24.05.2022 07:54
  • 19k+

23-nji maýda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Başlygy Farid Muhametşiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Onuň dowamynda parlamentara hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Gahryman Arkadagymyz pursatdan peýdalanyp, kärdeşini şanly 75 ýaşynyň dolmagy bilen gutlap, oňa berk jan saglyk, uzak ömür, maşgala abadançylygyny we işlerinde üstünlikleri arzuw etdi. Söhbetdeşler dost-doganlyk gatnaşyklary berk ýola goýlan Türkmenistan bilen Tatarystan Respublikasynyň arasynda giň gerimli ugurlar boýunça özara bähbitli hyzmatdaşlygyň üstünlikli ösdürilýändigini kanagatlanma bilen nygtadylar.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen tarapynyň parlamentara gatnaşyklaryň yzygiderli giňeldilmegine gyzyklanma bildirýändigini tassyklap, Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Başlygyny islendik wagt Türkmenistana gelip görmäge çagyrdy hem-de şol saparyň ikitaraplaýyn parlamentara gatnaşyklarynyň ösdürilmegine täze itergi berjekdigine ynam bildirdi.


düýn 20:55
2.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.5k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......