Lebaply we Maryly ýüpekçiler ilkinjiler bolup pile borçnamalaryny berjaý etdiler

  • 24.05.2022 07:51
  • 9.9k+

23-nji maýda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatynda Prezident Serdar Berdimuhamedowa Lebap hem-de Mary welaýatlarynyň ýüpekçileriniň pile tabşyrmak hakyndaky borçnamany ilkinjileriň hatarynda ýetine ýetirendikleri habar berildi.  

Hususan-da, lebaply ýüpekçiler 1010 tonna, maryly ýüpekçiler bolsa 440 tonnadan gowrak pile tabşyrmak bilen, şertnamalaýyn borçnamalaryny doly berjaý etdiler. Şu mynasybetli häkimler welaýatlaryň ähli ýüpekçileriniň adyndan şeýle üstünligi gazanmaga döredilen şertler we mümkinçilikler hem-de berlen goldawlar üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.
Döwlet Baştutany welaýatlaryň ýüpekçilerini bu üstünlik bilen gutlap, olara çeken asylly we yhlasly zähmetleri üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.


04.06.2026 12:34
5.1k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 11:32
2.8k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....

27.05.2026 14:21
5.4k+

Dünýäniň azyk eksportynyň 80%-den gowragyny emele getirýän öňdebaryjy 30 ýurt

Azyk eksporty ýurduň ykdysady täsirliliginiň esasy görkezijisi bolmagynda galýar. Bütindünýä Söwda Guramasynyň (BSG) maglumatlaryna görä, dünýäniň azyk bazarynyň 80% -den gowragy, ýagny 1,5 trillion dollary,......

02.05.2026 08:13
2.7k+

Türkmen wekiliýeti Kazan, London we Baku şäherlerinde geçiriljek halkara çärelere gatnaşar

Türkmenistan 2026-njy ýylyň maý aýynda geçiriljek birnäçe iri halkara çärelerine işjeň gatnaşmaga taýýarlanýar. Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow bu......