Türkmenistanda şu hepdede garaşylýan howa maglumaty

  • 23.05.2022 11:02
  • 23k+

Şu hepde Türkmenistanda howanyň esasan açyk we yssy bolmagyna garaşylýar. Howa maglumaty gullugy ýurdumyzyň käbir sebitlerinde güýçli şemalyň bolmagy mümkin diýip çaklaýar.

Aşgabatda we Ahal welaýatynda  duşenbe we sişenbe günleri termometriň sütünjigi +34 — +35 derejäni görkezer. Çarşenbe güni temperatura +29 derejä, penşenbe güni bolsa +27-ä çenli aşaklar. Anna güni temperatura +30 derejä çykar diýip çaklanylýar. Dynç günleri howanyň +33 derejä çenli gyzmagy mümkin.

Balkan welaýatynda duşenbe güni temperaturanyň +36 derejä ýetmegi mümkin, ýöne sişenbe güni welin, tizligi sekuntda 15 metre ýetýän güýçli şemaldan soň, yssy +30 derejä çenli düşüşer. Çarşenbede temperatura +27 derejä, penşenbe güni bolsa +25 derejä çenli aşaklar diýip garaşylýar. Howa maglumaty gullugy anna güni howa +30 dereje bolar diýip çaklaýar. Dynç günleri howa +32 derejä çenli gyzar.

Daşoguz welaýatynda duşenbe güni howanyň +31 derejä çenli gyzmagy mümkin, sişenbede bolsa temperatura +35 derejä ýeter. Çarşenbe gününden başlap, temperaturanyň +28 derejä çenli aşaklamagyna garaşylýar. Penşenbe güni termometriň sütünjigi +26-a düşer. Howa maglumaty gullugy anna güni temperatura +29 derejä çenli, şenbe we ýekşenbe günleri bolsa +32 derejä çenli ýokarlanar diýip çaklaýar.  

Mary welaýatynda duşenbe güni howa +31derejä çenli gyzsa, onda sişenbede gyzgynlyk hasam artyp, +40 derejä ýeter. Çarşenbe güni özi bilen tizligi sekuntda 17 metre ýetýän güýçli şemal getirer, yssy bolsa biraz düşüşip, +34 dereje bolar. Penşenbe günem, anna günem howanyň +31 dereje bolmagyna garaşylýar. Dynç günleri termometriň sütünjigi +34 derejä ýetmegi mümkin.

Lebap welaýatynda  duşenbe güni howa +30-a çenli gyzar. Sişenbe we çarşenbe günleri temperatura +37 derejä ýeter, şeýle-de, çarşenbe güni şemalyň güýjäp, tizligi sekuntda 15 metre ýetmegi mümkin. Penşenbe güni şemalyň güýji tizligi sekuntda 17 metre ýeter diýip garaşylýar, temperatura bolsa +31 derejä çenli peseler. Anna güni howanyň +30 dereje bolmagyna garaşylýar. Dynç günleri howa +34 derejä çenli gyzar we aňryçäk tizligi sekuntda 15 metre ýetýän şemalyň bolmagyna garaşylýar.


düýn 09:43
7.2k+

Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty: maý aýy bizi tomusa taýýarlaýar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada maglumat berdi....

04.05.2026 12:44
6k+

Şu hepde howa +39°С-a çenli yssy we az-kem ygally bolar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy şu hepde üçin howa maglumatyny hödürledi. Sinoptikleriň çaklamalaryna görä, bir hepdäniň dowamynda ygal mukdary 6,0 mm-den köp......

27.04.2026 10:50
13k+

Saýawany taýýarlaberiň – bize ýagynly hepde garaşýar: howa maglumaty

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty....

06.04.2026 11:49
19k+

Türkmenistanda howa maglumaty: bahar paslynyň oýny

Şu hepde meteorologlar Türkmenistanda hepdäniň başynyň ýagyşly we şemally boljakdygyny çaklaýar. Emma hepdäniň ikinji ýarymy gurak we maýyl bolar....