Ahalda Akhan bedewiniň heýkeli ýerleşdirilen monument gurlar

  • 23.05.2022 07:17
  • 10k+

Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Ahal welaýatynyň häkimligine meşhur Akhan bedewiniň heýkeli ýerleşdirilen monumentiň taslamasyny düzmek hem-de gurmak barada «Sport ýyldyzy» hususy kärhanasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.

Gurluşyk işlerine 2022-nji ýylyň maý aýynda başlamak we monumenti 2022-nji ýylyň dekabr aýynda doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.
Ýeri gelende ýatlatsak, Akhany Gurbanguly Berdimuhamedowyň hut özi seýisläp ýetişdirdi. Akhan «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň düzüminde ençeme ýurtlarda çykyş etdi. 2017-nji ýylda Akhanyň çarpaýa galmagy bilen, paýtagtymyzda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň alawy ýakyldy.
2018-nji ýylda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli Akhan 10 metr aralygy çarpaýa galyp, çalt geçmegi başardy. Şeýlelikde, ol 2016-njy ýylda görkezilen öňki netijäni iki esse gowulandyrdy. Ol çarpaýa galyp, bu aralygy 4,19 sekuntda geçdi we dünýä rekordyny goýdy. Munuň özi Ginnesiň rekordlar kitaby tarapyndan bellige alyndy.


19.06.2026 10:10
3.2k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.3k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
6.9k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

15.06.2026 22:10
3.9k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......