«Wozroždeniýe» kompaniýasy Türkmenistanda iri gurluşyklary amala aşyrmaga gatnaşýar

  • 21.05.2022 10:46
  • 17k+

20-nji maýda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Aşgabadyň durmuş düzümini toplumlaýyn esasda döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen taslamalar bilen tanyşlygynyň çäklerinde Russiýa Federasiýasynyň “Wozroždeniýe” taslama-gurluşyk kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy I.Bukato ýurdumyzda amala aşyryljak iri taslamalaryň çyzgylaryny görkezdi. 

Işewür ýurdumyzda Demirgazyk — Günorta  ulag geçelgesiniň gurluşygynyň taslamasy we onuň ýerleşjek ýeriniň teklip edilýän çyzgylary barada hasabat berdi. Şeýle-de işewür Aşgabat — Türkmenbaşy ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Garabogaz — Gazagystan serhedi böleginiň ýerleşjek ýeriniň teklip edilýän çyzgylaryny, gurulmagy göz öňünde tutulýan ýoluň aýratynlyklaryny, onuň ugrunda ýerleşdiriljek hyzmat ediş desgalaryny, awtobus duralgalarynyň görnüşlerini, yşyklandyryş ulgamynyň sütünleriniň taslamalaryny we ýoluň ugrunda oturdyljak şertli belgileriň nusgalaryny, olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylaryny görkezdi. Şäheriň Köpetdag şaýolunyň durkuny täzelemek, Aşgabat şäheriniň daşyndan geçýän halkalaýyn aýlaw ýolunyň demirgazyk bölegini döwrebaplaşdyrmak boýunça teklip edilýän işleriň görnüşleri, şeýle-de olar bilen baglanyşykly çyzgylar baradaky maglumatlar hasabatyň özenini düzdi.    

Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň häzirki zaman ýol-ulag düzüminiň gurluşygyny dowam etmegiň, olarda ýokary hil derejesiniň üpjün edilmeginiň wajypdygyna ünsi çekdi. Şunda ýol-ulag düzümine degişli desgalaryň gurluşyklarynyň taslamalary taýýarlananda,ýurdumyzyň tebigy aýratynlyklary nazara alynmalydyr diýip, döwlet Baştutany belledi we bu babatda russiýaly işewüre birnäçe anyk tabşyryklary berdi.   

Soňra “Wozroždeniýe” taslama-gurluşyk kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyza paýtagtymyzyň günorta künjeginde sil suwlaryny toplaýan gorag desgalarynyň, sil suwlaryny süzüji we sil suwlaryny toplaýan bentler, beton hem-de toprak düşekli akabalar we olaryň görnüşleri bilen baglanyşykly taslamalar hem-de olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary barada hasabat berdi. 


düýn 19:38
3.8k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.4k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.9k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......