Oba hojalyk ministrliginiň maksatlaýyn ýörite hasabyndan çykdajylary tölemek hakyndaky Çözgüt kabul edildi

  • 20.05.2022 19:18
  • 16k+

Häzirki wagtda degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň maksatlaýyn ýörite hasabyndan önüm öndürijilere ýerine ýetirilen hyzmatlaryň hem-de goýberilen harytlaryň bahasynyň möçberlerine berilýän ýeňilligiň öwezini dolmak üçin taýýarlanylan resminamalar seljerildi. 

Şunuň bilen baglylykda, Hökümetiň 19-njy maýdaky mejlisinde wise-premýer E.Orazgeldiýew hormatly Prezidentiň garamagyna Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň maksatlaýyn ýörite hasabyndan çykdajylary tölemek hakyndaky Çözgüdiň taslamasyny hödürledi. Prezident Serdar Berdimuhamedow, ilkinji nobatda, obasenagat toplumyny okgunly ösdürmegiň wezipelerini çözmek bilen baglanyşykly döwlet syýasatynyň möhüm ugurlaryna ünsi çekdi we degişli Çözgüde gol çekip, bu resminamadan gelip çykýan wezipeleriň ýerine ýetirilişini hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Şeýle-de hasabatda nygtalyşy ýaly, Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň buýurmasy esasynda Halkara atçylyk ýokary okuw mekdebiniň hem-de Atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň binalary gurulýar. Şunuň bilen baglylykda, 2022-nji ýylda bu iki desganyň ulanmaga berilmegi bilen, täze iş orunlary dörediler.


düýn 23:33
4.5k+

Serdar Berdimuhamedow welaýatlary ösdürmek meseleleri boýunça iş maslahatyny geçirdi

27-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly wise-premýer T.Atahallyýewiň we welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar......

düýn 02:06
3.6k+

Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili Guterrişe ynanç hatlaryny gowşurdy

20-nji aprelde Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) ýanyndaky täze bellenen hemişelik wekili Wepa Hajyýew guramanyň Baş sekretary Antoniu Guterrişe ynanç hatlaryny gowşurdy. Bu barada......

26.04.2026 09:48
1.9k+

Türkmenistan we ESCAP ulag, howa we sebit taslamalaryny ara alyp maslahatlaşdy

Bangkokda geçirilen ESCAP-yň 82-nji sessiýasynyň çäklerinde Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasary Perhat Ýagşyýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet komissiýanyň ýerine ýetiriji sekretary......

25.04.2026 16:03
3.3k+

Türkmenistanyň BAE-däki ilçisi Kuweýtde-de ilçi bellenildi

Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki (BAE) Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Baýram Akmyradowiç Baýramow, şol bir wagtyň özünde Türkmenistanyň Kuweýt Döwletindäki ilçisi wezipesine bellenildi....