Haýyr-sahawat gaznasyndan çagalaryň bejergisine 400 müň amerikan dollary bölünip berler

  • 19.05.2022 02:52
  • 32k+

Aşgabatdaky Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezinde bejergi alýan çagalar üçin Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyndan ABŞ-nyň 400 müň dollary möçberdäki pul serişdesi goýberiler. Bu barada Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabadyň Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezinde saglygy goraýyş we derman senagaty ministri bilen 18-nji maýda geçiren maslahatynda belläp geçdi.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, häzirki döwürde ýurdumyzda ýürek operasiýasyna mätäç çagalaryň 220-si bar. Bu çagalary bejermek üçin iň täze we netijeli AORTIС serişdeleri ulanylýar. Şeýle hem ministr bejergi alýan çagalar üçin zerur bolan serişdeleriň ýeterlikdigini, operasiýa geçirilýän enjamlaryň häzirki zamanyň iň kämil enjamlarydygyny we olarda çylşyrymly bejergi işlerini amala aşyrmak üçin ýokary derejeli dünýä ülňülerine laýyk gelýän mümkinçilikleriň bardygyny aýtdy. Bu enjamlaryň kömegi bilen ýüregi açmazdan az şikesli endowaskulýar operasiýalaryny geçirmek mümkinçiliginiň bardygyny, operasiýadan soňky döwürde çaganyň saglygy dikelip, gysga wagtyň içinde adaty durmuşa gaýdyp gelýändigini aýratyn bellemeli.

Soňra Gurbanguly Berdimuhamedow merkeziň daýanç-hereket ediş kesellerini bejeriş bölümine bardy. Häzirki döwürde Türkmenistanda 100 çaga daýanç-hereket ediş keseli zerarly degişli lukmançylyk kömegine mätäç. Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy çagalaryň irki ösüşi, olaryň saglygy bilen baglanyşykly meseleleriň oňyn çözülmegi üçin döwlet tarapyndan yzygiderli alada edilýändigini aýdyp, ýurtda çagalaryň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüşi üçin zerur bolan serişdeleriň gönükdirilýändigini belledi.

Soňra häzirki döwürde operasiýa edilmegine taýýarlyk boýunça lukmançylyk hyzmatlaryny alýan çagalar we olaryň ene-atalary bilen söhbetdeş boldy.


Soňra Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy ýurduň saglygy goraýyş we derman senagaty ministri bilen çagalaryň irki ösüşi, olaryň saglygyny goramak we keselleriň öňüni almak boýunça bar bolan meseleleri ara alyp maslahatlaşdy.

Maslahatyň barşynda ministr N.Amannepesow «Arçman» şypahanasynda 400 orunlyk ýene-de bir binanyň gurluşygy hakynda teklibi hödürledi we Daşoguz şäherinde 450 orunlyk köpugurly hassahananyň we 150 orunlyk onkologiýa dispanseriniň açylyşa taýýar edilendigini habar berdi.
Şeýle hem «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň dynç alyş möwsümine doly taýýar edilendigi habar berildi.


düýn 20:12
3.6k+

Welomenziller Aşgabat we Arkadag şäherlerinden başlap, ähli welaýatlara uzady

Bütindünýä saglyk güni mynasybetli köpçülikleýin welosipedli ýörişler we beýleki sport çäreleri diňe bir Aşgabatda däl, eýsem Arkadag şäherinde hem-de ýurduň ähli welaýatlarynda geçirildi....

düýn 14:53
1.6k+

Türkiýe düwnük keseline garşy dermanyň ilkinji synaglaryny üstünlikli tamamlady

Türkiýäniň saglygy saklaýyş ministri Kemal Memişoglynyň habar bermegine görä, ýurduň özünde taýýarlanan rak keseline garşy ilkinji derman kliniki synaglaryň birinji tapgyrynda örän gowy netijeleri görkezdi....

08.04.2026 07:19
7.4k+

Türkmenistanyň Prezidenti Bütindünýä saglyk güni mynasybetli köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Bütindünýä saglyk güni mynasybetli guralan köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy diýip, «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi. Döwlet Baştutany......

04.04.2026 15:19
7k+

Aşgabatda Ýewropa güni mynasybetli köpçülikleýin ylgaw ýaryşy geçiriler

11-nji aprelde Aşgabatda Ýewropa gününe bagyşlanyp, dürli aralyklara köpçülikleýin inklýuziw ylgaw ýaryşy geçiriler....