BSGG: Dünýäde kowid resmi hasaba alynmadyk iki ýurt galdy

  • 13.05.2022 16:24
  • 44k+

Koreýa Halk Demokratik Respublikasy (KHDR) penşenbe güni ýurtda COVID-19 bilen kesellemegiň ilkinji hadysasynyň ýüze çykarylandygyny habar berdi. Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň resmi maglumatlaryna görä, indi Ýer ýüzünde häzire çenli ýekeje-de kowid hadysasy resmi taýdan hasaba alynmadyk iki döwlet – Türkmenistan we Tuwalu galdy. Bu barada TASS habar berýär.

Umuman aýdanyňda, dünýäde soňky iki aýyň dowamynda ýokanjyň ýaýrama depgini gowşaýar, hususan-da, soňky hepde ol 12% peseldi. Şeýle-de bolsa, planetada has ýokançly bolan täze ştammlary we olaryň görnüşlerini hasaba almak dowam edýär. 
Ýaňy-ýakyna çenli koronawirusyň barmadyk ýurtlarynyň hataryna 11 müň ilaty bolan kiçiräk ada döwleti Nauru hem girýärdi, ýöne aprel aýynyň başynda ol ýerde üç kesel hadysasynyň ýüze çykarylandygy belli boldy.
Şeýlelik bilen, häzirki wagtda diňe iki ýurtda – Türkmenistan bilen Ýuwaş ummanyndaky Tuwalu döwletinde kowid hadysasy resmi taýdan hasaba alynmady. Muňa ýardam eden esasy faktor hökmünde daşky dünýäden üzňe bolmak hasaplanýar.
Geçen hepde ondan öňki hepde bilen (25-nji aprel – 1-nji maý) deňeşdirilende kesellänleriň sanynyň azalandygy Günorta-Gündogar Aziýada (minus 29%), Gündogar Ortaýer deňzinde (minus 28%) we Ýewropada (minus 26%) hasaba alyndy. Kesel derejesi Amerikada (+14%) we Afrikada (+12%) köpeldi. Bir hepdede kesellänleriň (451,4 müň) we aradan çykanlaryň (2,65 müň) iň ýokary sany ABŞ-da hasaba alyndy. Kesel derejesi ýokary bolan döwletleriň bäşligine Awstraliýa (431,4 müň), Germaniýa (427 müň), Italiýa (304,5 müň) we Koreýa Respublikasy hem (268,7 müň) girýär.
BSGG-niň maglumatlaryna görä, dünýäde ýaýraýan esasy ştamm “omikron” bolmagynda galýar.


düýn 11:31
3.2k+

BSGG hantawirusly ýagdaýyň 2-nji iýulda tamamlanmagyna garaşýar

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG), eger şol wagta çenli kesel bilen bagly täze ýagdaýlar ýüze çykmasa, hantawirus keseli bilen bagly epidemiýanyň 2-nji iýulda tamamlanan diýlip ykrar edilip......

24.06.2026 18:05
2.7k+

BSGG: Kongodaky Ebola epidemiýasy taryhda iň ulusy boldy

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) Kongo Demokratik Respublikasynda ýüze çykan häzirki Ebola gyzzyrmasynyň epidemiýanyň başlanan ilkinji aýynda tassyklanan kesel ýagdaýlarynyň sany boýunça taryhda iň......

20.06.2026 12:08
7.6k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......