Gurbanguly Berdimuhamedow Täjigistanyň Mejlisiniň spikeri Rustam Emomali bilen duşuşdy

  • 12.05.2022 08:55
  • 20k+

Çarşenbe güni Aşgabada resmi sapar bilen gelen Täjigistan Respublikasynyň Milli Majlisiniň Oli Majlisiniň Başlygy, Duşenbe şäheriniň Başlygy Rustam Emomali Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşdy. Duşuşygyň barşynda parlamentara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Söhbetdeşler duşuşygyň dowamynda özara hormat goýmak we ynanyşmak esasynda ýola goýulýan döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejesini kanagatlanma bilen nygtap, soňky wagtda gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklary çalt iş ýüzünde durmuşa geçirmegiň zerurdygyny bellediler. Şunuň bilen baglylykda, netijeli parlamentara gatnaşyklary has-da işjeňleşdirmegiň hem-de giňeltmegiň wajypdygy aýratyn nygtaldy. Şol gatnaşyklar türkmen-täjik hyzmatdaşlygyny yzygiderli ösdürmäge we syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň kuwwatyny üstünlikli durmuşa geçirmäge gönükdirilendir.
Duşuşykda Aşgabatda geçiriljek Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumynyň möhümdigi nygtaldy. Ol Merkezi Aziýa sebitiniň ýurtlarynyň we Russiýanyň arasyndaky däp bolan gatnaşyklaryň ösdürilmegine täze kuwwatly itergi bermäge gönükdirilendir.

Rustam Emomali şeýle hem Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Gülşat Mämmedowa bilen duşuşdy. Duşuşygyň barşynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösüşiniň meseleleri, şol sanda parlamenara gatnaşyklary giňeltmek ara alnyp maslahatlaşyldy.


düýn 19:38
3k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.2k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......