Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşdy

  • 11.05.2022 08:43
  • 9.9k+

10-njy maýda  Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň  Azerbaýjan Respublikasynyň ykdysadyýet ministri Mikail Çingiz ogly Jabbarow bilen geçiren duşuşygynda iki goňşy döwletiň arasyndaky netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmak işinde ikitaraplaýyn parlamentara gatnaşyklary ösdürmek barada gürrüň edildi.

Söhbetdeşler soňky ýyllarda türkmen-azerbaýjan hyzmatdaşlygynyň dürli ulgamlarda, şol sanda syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer we beýleki ugurlarda kuwwatly ösüşe eýe bolandygyny kanagatlanma bilen bellediler.

Taraplar parlamentara gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmek we pugtalandyrmak, iki ýurduň kanun çykaryjy edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek hem-de özara geňeşmeler arkaly tejribe alyşmak üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny aýtdylar.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy hem-de Azerbaýjan Respublikasynyň ykdysadyýet ministri hukuk ulgamynda hyzmatdaşlygyň söwda-ykdysady we beýleki ugurlarda türkmen-azerbaýjan gatnaşyklaryny pugtalandyrmak, iki doganlyk halkyň dostlugyny, hoşniýetli goňşuçylygyny berkitmek üçin möhüm gural bolup hyzmat etjekdigine ynam bildirdiler.


şu gün 07:42
684

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

düýn 17:29
8.3k+

Gawr şäherinde 38 müň jübüt sport aýakgaby ýok edildi: sebäbi näme?

Fransiýanyň Gawr şäherinde 38 müň jübüt sport aýakgaby ýok edildi. Bu aýakgaplar 2011-nji ýylda Hytaýdan satyn alnan üç konteýnerlik galp harytlardyr. 15 ýyllap dowam eden kazyýet dawasy sebäpli aýakgaplaryň......

09.06.2026 15:08
2.1k+

Ýaponiýada bitkoin-ETF-leriň işe girizilmegi 19,3 milliard dollara çenli maýany çekip biler

Seljerijiler Ýaponiýany spot görnüşli bitkoin-ETF-leri işe girizmek ähtimallygy iň ýokary bolan ýurtlaryň biri hasaplaýarlar. XWIN Japan kompaniýasynyň çaklamalaryna görä, şeýle gaznalar öz işiniň ilkinji......

09.06.2026 12:22
2.4k+

Günorta Koreýada tehnoägirtlere aşa ýokary girdejiniň bir bölegini paýlaşmak teklip edildi

Günorta Koreýanyň Zähmet ministri Kim Ýon Hun iri tehnologiýa kompaniýalaryna salgytlar tölenenden soň galýan aşa ýokary girdejileriniň bir bölegini haryt üpjün edijilere, potratçylara we öz işgärlerine......