Alymlar: sagdyn bolmak üçin uly ýaşdaky adamlar 7 sagat uklamaly

  • 08.05.2022 19:04
  • 20k+

Hytaýdan we Beýik Britaniýadan ylmy hünärmenler derňew geçirip, orta we uly ýaşdaky adamlar üçin iň amatly uky dowamlylygyny anykladylar. Bu bir gije-gündiziň dowamynda ýedi sagatdyr. Ukynyň ýetmezçiligi hem-de “aşa köp ýatmak” adamyň saglygy üçin deň derejede zyýanly bolup, psihikanyň bozulmagyna sebäp bolup bilýär. Alymlaryň işi barada Britaniýanyň “The Guardian” neşiri habar berdi.

Kembrijde we Fudan uniwersitetinde işleýän hünärmenler 500 müň töweregi adamyň saglyk ýagdaýy baradaky maglumatlar bazasyny deňeşdirip, uly göwrümli iş geçirdiler. Şeýlelikde, bir gije-gündiziň dowamynda ýedi sagatlyk uky 38 ýaşdan 73 ýaşa çenli adamlar üçin iň gowy wariant boldy. Ondan az ýa-da köp uky beýniniň kadaly işini bozup biler.
Alymlar öz işlerinde ukynyň kelle beýnisiniň her bir bölegine edýän täsirine baha bermek üçin Britaniýanyň biobankynyň maglumatlaryny ulandylar. Ukynyň ýetmezçiligi, esasan, adam ýady bilen baglanyşykly gippokampyň töweregine täsirini ýetirýär. Günde ýedi sagatdan az ýatýan adamlar kognitiw synaglardan ýaramaz baş alyp çykdylar.
Hünärmenler iş günleri 5-6 sagat uky bilen dynç günleri köp ýatmak endigini gezekleşdirmän, bir gije-gündiziň dowamynda durnukly 7 sagat ýatmagy maslahat berýärler. 


20.06.2026 12:08
6.9k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.7k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.7k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.3k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......