Gurbanguly Berdimuhamedow ÝB-niň wekili bilen parlamentara hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

  • 05.05.2022 08:39
  • 13k+

4-nji maýda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistana iş sapary bilen gelen Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili hanym Teri Hakala bilen geçiren duşuşygynda parlamentara gatnaşyklary giňeltmegiň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Söhbetdeşler häzirki zaman şertlerinde parlamentara hyzmatdaşlygyň netijeli gatnaşyklary ösdürmegiň, ýurtlaryň hem-de halklaryň arasynda dostlugy, özara düşünişmegi pugtalandyrmagyň möhüm gurallarynyň biri bolup hyzmat edýändigini bellediler.

Duşuşygyň dowamynda hereket edýän hyzmatdaşlyk gurallarynyň, hususan-da, “Ýewropa Bileleşigi — Türkmenistan” bilelikdäki komitetiň çäklerinde parlamentara gatnaşyklary işjeňleşdirmäge özara gyzyklanma bildirildi. Taraplar soňky ýyllarda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda gazanylan ylalaşyklary kanunçylyk taýdan üpjün etmek boýunça geçirilýän giň gerimli işleriň möhümdigini belläp, kanunçylyk ulgamynda özara tejribe alyşmak, ýola goýlan oňyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, ikitaraplaýyn parlamentara duşuşyklary hem-de geňeşmeleri yzygiderli geçirmek baradaky pikiri beýan etdiler.

Şol gün Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili hanym Teri Hakalanyň Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa bilen hem duşuşygy geçirildi.


düýn 16:07
1.7k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
3.2k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 21:16
5.4k+

2050-nji ýyla çenli Ýewropada iň wajyp çig mallara bolan islegiň tas ýarysy galyndylaryň hasabyna üpjün ediler

2050-nji ýyla çenli galyndylar Ýewropa üçin iň esasy möhüm materiallaryň çeşmeleriniň birine öwrülip, sebitiň bu hili çig mala bolan isleginiň 56%-e çenlisini üpjün edip biler. Ýewropa Bileleşigi (ÝB)......

02.06.2026 11:32
2.6k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....