Serdar Berdimuhamedow Rejep Taýyp Ärdogan bilen telefon arkaly gürleşdi

  • 04.05.2022 06:42
  • 19k+

3-nji maýda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Taraplar döwletara gatnaşyklaryň okgunly häsiýetini kanagatlanma bilen belläp, birek-birege hormat goýmak, ynanyşmak, uzak möhletleýinlik we ysnyşykly hyzmatdaşlyk ýörelgeleri esasynda guralýan köpugurly gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary barada pikir alyşdylar.

Türkmenistan we Türkiýe Respublikasy köpugurly görnüşde, abraýly halkara we sebit guramalarynyň ugry boýunça hem gatnaşyklary üstünlikli ösdürýärler. BMG-niň, YHG-nyň we Türki Döwletleriň Guramasynyň çäklerinde birek-biregiň başlangyçlarynyň işjeň goldanylmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk barada aýdylanda, bu ugurda Türkiýe Türkmenistanyň strategik hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow belledi.

Şunuň bilen baglylykda, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparyny we Işewürlik geňeşini netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň hem-de bilelikdäki täze taslamalary durmuşa geçirmegiň guraly hökmünde ulanmagyň zerurdygy nygtaldy. Türkmenistanyň hem-de Türkiýäniň ylym, bilim, medeniýet, sungat, sport ýaly ugurlardaky işjeň hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de dowam etdiriljekdigi bellenildi.


19.06.2026 10:10
3.3k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.3k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
6.9k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

15.06.2026 22:10
3.9k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......