Plastik hapalar dünýä ummanynda patogenleriň ýaýramagyna kömek edýär

  • 03.05.2022 13:17
  • 16k+

Amerikaly ekologlar mikroplastik bölejikleriniň gury ýerdäki patogen mikroblaryny dünýä ummanyna ýaýradýandygyny we olaryň tutulýan mollýuskalaryň, balyklaryň we gidrosferanyň beýleki ýaşaýjylarynyň populýasiýasyna aralaşmaga ýardam edýändigini anykladylar. Bu barada Dewisdäki Kaliforniýa uniwersitetiniň (UCD) metbugat gullugy habar berdi. 

“Adamlar ummanyň plastik bilen hapalanmak meselesine ýüzleý garaýarlar, sebäbi olar plastik bölejikleri bilen zäherlenip bilmeris diýip pikir edýärler. Biz plastigiň agyz suwuna we iýmite aňsatlyk bilen düşüp biljek kesel dörediji mikroblaryň ýaýramagyna ýardam edýändigini görkezdik” – diýip, UCD-niň dosenti Keren Şapiro belleýär. Onuň sözlerini ýokary okuw mekdebiniň metbugat gullugy getirýär.

Her ýyl akdyrylýan hapa suwlara we zir-zibil dökülýän ýerlere, takmynan, 300 mln tonna plastik hapalary düşýär, olaryň köpüsi mikroblar tarapyndan dargadylmaýar we onlarça, hatda ýüzlerçe ýyllaryň dowamynda degilmedik görnüşde galýar. Şonuň üçin ekologlar we okeanologlar dünýä ummanynyň suwlarynda polimer mikrobölejikleriniň köp bolmagy sebäpli soňky ýarym asyry “plastik döwür” diýip atlandyrýarlar. 

Bu bölejikler suwda uzak saklanmaýar we deňiz faunasy tarapyndan iýilýär. Olaryň ep-esli bölegi balygyň, mollýuskalaryň we leňňeç şekillileriň eti bilen bilelikde adam organizmine düşüp bilýär. Şapiro we onuň kärdeşleri bu bölejikleriň ummanda we gidrosferanyň beýleki sebitlerinde dürli parazit organizmleriniň, şeýle-de bakteriýa we kömelejik keselleriniň ýaýradyjysy bolup biljekdigi bilen gyzyklandylar.

Alymlar şeýle maglumatlary almak üçin mikroplastik bölejikleriniň toplumyny ýygnadylar we ony üç sany ýaýran bir öýjükli parazitleriň – Toxoplasma gondii, Cryptosporidium parvum we Giardia enterica-nyň kulturasyna goýberdiler. Adatça, adamlara we öý haýwanlaryna zyýan ýetirýän bu patogenler ýakynda okeanologlar tarapyndan deňiz mollýuskalarynyň populýasiýalarynda ýüze çykaryldy.

Şapiro we onuň kärdeşleri akdyrylýan hapa suwlar bilen dünýä ummanyna düşýän plastik bölejikleriniň olary ýaýradyjylar bolup çykyş edip biljekdigini çakladylar. Bu teoriýany barlamak üçin alymlar bu parazitleriň dürli görnüşli mikroplastikleriň üstünde uzak wagtlap ýaşamaga we onuň kömegi bilen deňiz faunasynyň arasynda ýaýramaga ukyplydygyna gözegçilik etdiler.

Bu tejribeler parazitleriň üç görnüşiniň hem öýjükleriniň polietilen sferiki bölejikleriň üstünde we egin-eşik, kosmetika hem-de balykçynyň enjamlarynda giňden ulanylýan poliefir süýümleriniň içinde işjeň köpelýändigini görkezdi. Bu we beýleki bölejikler, alymlaryň bellemegine görä, köplenç toksoplazmoz we başga parazit ýokançlary bilen zäherlenýän midiýalaryň we beýleki mollýuskalaryň beden dokumalarynyň içinde tapylýar.

Umuman, gözlegleriň netijeleri mikroplastikleriň dünýä ummanynda adam we haýwan keselleriniň ýaýramagyna gönüden-göni ýardam edýändigini görkezýär. Bu şeýle hapalaryň gidrosfera düşmeginiň öňüni alýan akdyrylýan hapa suwlary arassalamagyň täze ulgamyny döretmegiň zerurdygyny görkezýär diýip, alymlar jemleýär.


düýn 10:53
1.7k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.1k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.3k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....