Geçen hepde boýunça Türkmenistanyň birža täzelikleri

  • 02.05.2022 17:14
  • 11k+

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda ABŞ-nyň 37 million 392 müň dollaryna barabar bolan jemi 53 sany geleşik hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Beýik Britaniýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýe Respublikasynyň hem-de beýleki döwletleriň işewürleri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar kerosinini we gidroarassalanan dizel ýangyjyny satyn aldylar. Türkiýe Respublikasynyň hem-de Owganystanyň telekeçileri “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen EKO-93 kysymly awtobenzini we “Türkmengaz” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen suwuklandyrylan gazy satyn aldylar.
Bulardan başga-da, Russiýa Federasiýasynyň, BAE-niň, Gyrgyz Respublikasynyň işewür toparlarynyň wekilleri daşary ýurt puluna boýalan tüýjümek önümlerini hem-de nah ýüplügini satyn aldylar. 
Manat serişdelerine Birleşen Arap Emirlikleriniň we Gazagystan Respublikasynyň işewür toparlarynyň wekilleri bahasy 1 million 655 müň 500 manatlyk nah ýüplügini satyn aldylar.
Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin bahasy 13 million manatlykdan gowrak bolan “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen ýokary dykyzlykdaky polietileni, şeýle hem el halylaryny satyn aldylar.

 


düýn 17:39
1.2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.5k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
3.4k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......