Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty (02.05 — 08.05)

  • 02.05.2022 01:22
  • 22k+

Howa maglumaty gullugynyň çaklamasyna görä, geljek hepde Türkmenistanda ýagynly howa bolup, temperaturanyň durnuksyz bolmagyna garaşylýar. Temperatura hepdäniň dowamynda ýurduň dürli sebitlerinde biri-birinden düýpgöter tapawutlanar - bir sebitde  +20 dereje bolsa, başga bir sebitde yssylyk +40 derejä ýeter. 

Aşgabatda we Ahal welaýatynda duşenbe güni 2,2 mm-e çenli ygalyň düşmegine garaşylýar, temperatura bolsa +20 dereje töweregi bolar. Sişenbede ýagşyň ýagmasy güýçlenip, 9,8 mm-e çenli ygal düşmegi mümkin, howa +21 derejä çenli gyzar. Çarşenbe güni 4,7 mm-e çenli ygal düşmegi mümkin, termometriň sütünjigi bolsa şol gün +25-i görkezer. Howa maglumaty gullugy penşenbe güni temperatura +29 dereje, howa üýtgäp durýan bulutly bolar diýip çaklaýar. Anna güni çabga ýagmagy mümkin - 2 mm-e çenli ygal düşer, temperatura bolsa +31 derejä çenli gyzar. Şenbe güni temperaturanyň  ýokarlanyp, +34 derejä ýetmegine, az-kem ýagyş ýagmagyna garaşylýar. Ýekşenbede termometriň sütünjigi +28 derejä çenli aşaklar we gysga wagtlaýyn ýagşyň ýagmagy mümkin.  

Balkan welaýatynda duşenbe gününden çarşenbä çenli howanyň aňrybaş gyzgynlygy +22 - +23 dereje töweregi bolar, hepdäniň ilkinji güni az-kem ýagyş ýagmagy mümkin. Çarşenbe güni howa +28 derejä çenli gyzar we temperatura şol derejede şenbe gününe çenli saklanar. Anna güni az-kem ygalyň düşmegi mümkin. Ýekşenbede temperatura +24 derejä çenli aşaklar.

Daşoguz welaýatynda hepdäniň duşenbe güni güýçli ýagyş ýagyp, 16,9 mm ygalyň düşmegine garaşylýar, temperatura bolsa şol gün +20 derejeden geçmez. Sişenbe güni howa birden +27  derejä çenli gyzar we anna gününe çenli howanyň aňrybaş temperaturasy şol derejede saklanar. Şenbe güni şemalyň güýçlenip, tizligi sekuntda 19 metre ýetmegine garaşylýar, howa bolsa şol gün +35 derejä çenli gyzar diýip çaklanylýar. Ýekşenbe güni hem güýçli şemal bolar, temperatura bolsa +31 derejä düşer. 

Mary welaýatynda duşenbede temperaturanyň +28 dereje bolmagyna, wagtal-wagtal güýjäp durýan, tizligi sekuntda 18 metre ýetýän şemalyň öwüsmegine garaşylýar. Sişenbe güni howanyň aňrybaş temperaturasy +26 derejä çenli aşaklar we 2.8 mm-e çenli ygal düşer. Çarşenbe güni az-kem agyş ýagmagy mümkin, temperatura bolsa +29 derejä çykar. Penşenbede 4,1 mm ygalyň düşmegi mümkin, termometriň sütünjigi bolsa +29-y görkezer. Anna güni howa gyzyp, +35 derejä ýeter, şenbe güni bolsa gyzgynlyk +39 derejä çykar. Ýekşenbede howa +37 dereje bolar we tizligi sekuntda 15 metre ýetýän şemal öwser.

Lebap welaýatynda howa maglumaty gullugy duşenbede 1,5 mm-e çenli ygal düşer we aňrybaş temperatura +31 derejede saklanar diýip çaklaýarlar. Sişenbe güni termometriň sütünjigi +24 derejä çenli aşaklar. Temperaturanyň çarşenbe we penşenbe günleri +29 dereje bolmagyna garaşylýar. Anna güni howa +33 derejä çenli gyzar, soňra şenbe güni termometriň sütünjigi +38 derejäni görkezer we ýekşenbede howa +40 dereje bolar.


16.02.2026 09:59
11k+

29 gradusa çenli maýyllyk hem-de ýagyşlar: hepdelik howa maglumaty

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty: Balkan welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başynda we ikinji ýarymynda ýagyş ýagar...

13.02.2026 18:26
32k+

2026-njy ýylda Oraza aýynda Aşgabatda we welaýatlarda agyz beklenýän we agzaçar wagtlary

2026-njy ýylyň 17-nji fewralynda Günüň ýaşmagy bilen sahawatyň, halallygyň we haýyrly işleriň aýy bolan mukaddes Oraza aýy başlanýar. Türkmenistanda şu ýyl Orazanyň ilkinji güni 18-nji fewrala, soňky güni bolsa — 19-njy marta gabat gelýär...

09.02.2026 18:56
17k+

11-nji fewralda ulaglaryň hereket tertibi üýtgediler we janköýerlere ýeňillik dörediler

Türkmenistanyň paýtagtynda «Arkadag» we «Al-Nasr» futbol toparlarynyň arasyndaky duşuşyga taýýarlyk işleri tamamlanýar. Tomaşaçylaryň howpsuzlygyny we oňaýlylygyny üpjün etmek maksady bilen, 11-nji fewralda Aşgabatda ulaglaryň hereketine we jemgyýetçilik pudagynyň işine aýratyn tertip girizilýär...

09.02.2026 11:05
10k+

Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty: gar gatyşykly ýagyş we +26 °C

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda  şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty: Balkan welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gar gatyşykly ýagyş ýagar...