BSGG bir hepdede dünýäde kowid bilen kesellänleriň sanynyň 21% azalandygyny habar berdi

  • 01.05.2022 18:46
  • 7.9k+

Geçen hepde 4,5 milliondan gowrak adam koronawirus bilen keselledi, 15 müňden gowrak adam ýogaldy. Kesel hadysalarynyň sany geçen ýedi gün bilen deňeşdirilende 21%, ölüm sany 20% azaldy diýip, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) habar berýär.

Guramanyň hepdelik býulleteninde bellenilişi ýaly, “täze COVID-19 hadysalarynyň we ölümleriň sany mart aýynyň ahyryndan bäri azalýar”. Geçen hepde bilen deňeşdirilende 18-nji aprelden 24-nji aprel aralygynda bu azalma degişlilikde 21% we 20% boldy: BSGG-e 4 548 226 adamyň keselländigi we 15 134 adamyň ýogalandygy barada habar gelip gowuşdy.

Geçen hepde (11 – 17-nji aprel) bilen deňeşdirilende kesellänleriň sanynyň azalmagy, aýratynam, Gündogar Ortaýer deňzinde (minus 30%), Günbatar-Ýuwaş umman sebitinde (minus 28%), Ýewropada (minus 23%) we Günorta-Gündogar Aziýada (minus 6%) hasaba alyndy. Şonuň bilen birlikde, keseliň Afrikada (plýus 32%) we Amerikada (plýus 9%) ýokarlanandygy bellige alyndy. Ölüm sanynyň azalmagy Gündogar Ortaýer deňzinde (minus 34%), Günbatar-Ýuwaş umman sebitinde (minus 33%), Ýewropada (minus 23%) we Amerikada (minus 19%) hasaba alyndy. Ölüm sany Afrikada (plýus 110%) we Günorta-Gündogar Aziýada (plýus 41%) ep-esli ýokarlandy.

BSGG dünýäde ýaýraýan esasy ştammyň koronawirusyň omikron görnüşidigini ýatlap geçýär.


düýn 11:31
3.3k+

BSGG hantawirusly ýagdaýyň 2-nji iýulda tamamlanmagyna garaşýar

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG), eger şol wagta çenli kesel bilen bagly täze ýagdaýlar ýüze çykmasa, hantawirus keseli bilen bagly epidemiýanyň 2-nji iýulda tamamlanan diýlip ykrar edilip......

24.06.2026 18:05
2.8k+

BSGG: Kongodaky Ebola epidemiýasy taryhda iň ulusy boldy

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) Kongo Demokratik Respublikasynda ýüze çykan häzirki Ebola gyzzyrmasynyň epidemiýanyň başlanan ilkinji aýynda tassyklanan kesel ýagdaýlarynyň sany boýunça taryhda iň......

20.06.2026 12:08
7.6k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......