ÝUNESKO boýunça Türkmenistanyň milli toparynyň işi bilen bagly täze teklipler hödürlenildi

  • 30.04.2022 18:57
  • 5.7k+

29-njy aprelde geçirilen sanly ulgam arkaly Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň işini kämilleşdirmek bilen bagly teklipleriň birnäçesini döwlet Baştutanynyň garamagyna hödürledi.

Hususan-da, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň internet saýtyny döretmek teklip edilýär. Saýt arkaly ÝUNESKO bilen alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň çäklerinde ýetilen sepgitleri we onuň geljegi barada maglumatlary hemişelik esasda beýan etmek göz öňünde tutulýar. Şeýle-de toparyň milli nyşanynyň taslamasy taýýarlanyldy we tassyklamak üçin teklip edilýär.

Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň Konwensiýalaryna, şol sanda Medeni gymmatlyklary bikanun getirmegi, äkitmegi we eýeçilik hukugyny bermegi duýdurmaga we gadagan etmäge gönükdirilen çäreler hakyndaky Konwensiýasyna goşulmagy aýratyn ähmiýete eýedir. Bu işi dowam etdirmek maksady bilen, 1997-nji ýylda Lissabon şäherinde kabul edilen ÝUNESKO-nyň Ýewropa sebitinde ýokary bilim boýunça hünär derejelerini ykrar etmek hakynda Konwensiýasyna ýurdumyzyň goşulmagy meselesini öwrenmek teklip edilýär. Bu resminama häzirki wagtda döwletleriň 54-si gatnaşyjy bolup durýar.

Türkmen halkynyň baý medeni we ruhy gymmatlyklaryny ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek boýunça hem yzygiderli çäreler görülýär. Bu babatda Aşgabat şäherini bu guramanyň döredijilik şäherleriniň toruna girizmek bilen bagly işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, degişli hödürnamany taýýarlamak maksady bilen, ugurdaş döwlet düzümleriniň wekillerinden ybarat bolan topary döretmek hem-de onuň ilkinji mejlisini 30-njy aprelde geçirmek teklip edilýär.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hödürlenen teklipleri makullap, ÝUNESKO bilen köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmak, halkymyzyň baý medeni mirasyny dünýäde giňden wagyz etmek ugrunda yzygiderli çäreleri görmek, halkymyzyň özboluşly gymmatlyklaryny ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek boýunça işleri dowam etmegiň zerurdygyny nygtady. 


düýn 16:19
1.1k+

Tokioda türkmen milli lybaslarynyň we şaý-sepleriniň sergisi açyldy

Tokionyň «The Shoto Museum of Art» sungat muzeýinde 10-njy aprelde gadymy türkmen milli lybaslarynyň, el işleriniň, keşdeçilik we zergärçilik önümleriniň sergisi açyldy. Çäre «Merkezi Aziýanyň el işleri»......

düýn 16:09
3.2k+

Amyderýa goraghanasynda ýaşlar üçin iki günlük eko-syýahat guraldy

Amyderýa döwlet tebigy goraghanasynda işjeň ýaşlar üçin iki günlük eko-syýahat guraldy. Çäre ekologik sowatlylygy ýokarlandyrmaga we tebigata aýawly çemeleşmek ukyplaryny kemala getirmäge gönükdirildi diýip,......

10.04.2026 23:51
19k+

Alty zolak we akylly gözegçilik: Türkmenistanda gurlan awtoban näme bilen haýran galdyrýar?

Habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat böleginiň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Ýoluň bu böleginiň ulanmaga......

10.04.2026 16:58
3.7k+

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Seulda türkmen talyplary bilen duşuşdy

7-nji aprelde Koreýa Respublikasyna amala aşyran iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Koreýanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen talyplary......