Milli Geňeşiň Halk Maslahatynda hukuk bilermenler topary döredildi

  • 30.04.2022 13:55
  • 9.6k+

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynda Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksine we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek babatda teklipler işlenip taýýarlanyldy. Şeýle-de Adalat ministrligi bilen “Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň ýanyndaky Raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgysynyň Merkezi arhiwini üýtgedip guramak hakynda” Kararyň taslamasy taýýarlanyldy.

29-njy aprelde geçirilen sanly ulgam arkaly Hökümet mejlisinde Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary K.Babaýewiň habar berşi ýaly, ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeleriň hukuk binýadyny berkitmek, döwletimizde ileri tutulýan meseleler boýunça kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça teklipleri işläp taýýarlamak maksady bilen, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynda hukuk bilermenler topary döredildi.

Döwlet Baştutany Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kabul edilmeginiň hem-de Döwlet baýdagynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan baýramçylyk çäreleriniň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmeginiň möhümdigini belläp, bu babatda Milli Geňeşiň ýolbaşçylarynyň ünsüni degişli meýilnamanyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi boýunça zerur çäreleriň görülmelidigine çekdi.


düýn 20:55
1.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.4k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......