Ahalyň täze merkezinde sanly ulgam boýunça hünärmenleri taýýarlaýan merkez dörediler

  • 29.04.2022 12:32
  • 7.6k+

28-nji aprelde geçirilen göçme Hökümet mejlisinde Prezident Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezi sanly ulgamy bolan täze şäherdir. Şoňa görä-de, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýewe we wise-premýer S.Toýlyýewe bu ýerde sanly ulgam boýunça hünärmenleri taýýarlaýan merkezi döretmek, bu işe ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlaryny, talyplaryny çekmek tabşyryldy.

Ýeri gelende bellesek, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýewiň hasabatynda aýdylyşy ýaly, bu ýerde «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň edara binasynyň gurluşygy dowam edýär. «Altyn asyr» öýjükli aragatnaşyk ulgamynyň 3G we 4G ülňülerinde işleýän iberiji-kabul ediji, GPON ulgamlaryny hem-de IP TV ulgamyny gurnamak göz öňünde tutulýar. «Türkmenhowaýollary» agentligi tarapyndan ýedi gatly, 28 öýli hem-de 56 öýli ýaşaýyş jaýlarynyň ikisiniň gurluşygy alnyp barylýar. “Akylly” şäher konsepsiýasyny durmuşa geçirmek maksady bilen, «Akylly öý» ulgamynyň tehniki tabşyrygy taýýarlanyp, elektrik energiýasy, gaz üpjünçilik ulgamy we agyz suwy üçin tölegleri sanly ulgam arkaly geçirmek üçin niýetlenen enjamlary peýdalanmak göz öňünde tutulýar.


şu gün 00:03
741

Türkmenistanda göreji pes çagalar üçin informatika boýunça ilkinji gezek okuw gollanmasy neşir edildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurduň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň kör we çala görýän mekdep ýaşly çagalar bölümleriniň birinji synp okuwçylaryna niýetlenen «Informatikanyň......

düýn 19:31
1k+

Medeniýet hepdeligi – 2027 Daşoguz welaýatynda geçiriler

2027-nji ýylda Medeniýet hepdeligi 22-nji we 27-nji iýun aralygynda Daşoguz welaýatynda geçiriler. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gol çekdi. Resminama bilen guramaçylyk topary......

19.06.2026 10:10
3.6k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.5k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......