Türkmenistan maý aýynda UNESCAP-nyň iri forumlaryna gatnaşar

  • 27.04.2022 04:58
  • 6.8k+

26-njy aprelde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowyň BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Aziýa — Ýuwaş umman sebiti boýunça Ykdysady we durmuş meseleleri boýunça komissiýasynyň (UNESCAP) Ýerine ýetiriji sekretary Armida Salsiýa Alişahbana bilen sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň barşynda türkmen tarapynyň wekili UNESCAP-nyň döredilmeginiň 75 ýyllygy mynasybetli gutlag sözlerini aýtdy hem-de komissiýa üçin taryhy ähmiýete eýe bolan şu ýylyň Türkmenistanyň BMG-niň Aziýa — Ýuwaş ummany sebit boýunça Ykdysady we durmuş meseleleri boýunça komissiýasyna agzalygynyň 30 ýyllygy bilen gabat gelýändigini nygtady. Taraplar Türkmenistanyň ulag we energetika, tebigy heläkçilikleriň töwekgelçiliginiň azaldylmagy ýaly ulgamlarda, şeýle-de SPEKA-nyň çäklerinde UNESCAP bilen hyzmatdaşlygynyň netijeliligini bellediler.

Ministr şu ýylyň maýynda Bangkok şäherinde gibrid görnüşinde geçiriljek UNESCAP-nyň 78-nji sessiýasyna, 17 — 22-nji maýda Nýu-Ýorkda geçiriljek migrasiýa meseleleri boýunça ählumumy forumyň işine işjeň gatnaşjakdygyny habar berdi.


08.06.2026 18:54
3.8k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

08.06.2026 17:39
1.8k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 18:04
5.5k+

Gyrgyzystan ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik däl agzalygyna saýlandy

Gyrgyzystan öz taryhynda ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň 2027–2028-nji ýyllar döwri üçin hemişelik däl agzalygyna saýlandy. Bu barada Guramanyň resmi portalynda habar berildi....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......