Türkmenistanyň ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygynyň meseleleri maslahatlaşyldy

  • 24.04.2022 13:42
  • 3.7k+

23-nji aprelde Daşary işler ministrliginiň binasynda ÝUNESKO-nyň işleri baradaky Türkmenistanyň milli toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Mejlisiň gün tertibine toparyň şu ýylyň birinji çärýeginde ýerine ýetiren işleriniň netijeleri, onuň Sekretariaty hakynda Düzgünnamanyň taslamasy, şeýle-de geljek döwür üçin işleriň meýilnamasy boýunça meseleler girizildi.

ÝUNESKO-nyň Medeni gymmatlyklaryň bikanun getirilmeginiň, äkidilmeginiň we eýeçilik hukugynyň geçirilmeginiň gadagan edilmegine hem-de öňüniň alynmagyna gönükdirilen çäreler baradaky Konwensiýasyny tassyklamak şu ýylyň meýilnamasynda ilkinji nobatdaky meseleleriň hataryndadyr.

Çykyşlarda 2022-nji ýyl üçin iş meýilnamasynda bellenilen wezipelere laýyklykda, birinji çärýekde alnyp barlan işler barada habar berildi. Şunda ýylyň başyndan bäri ÝUNESKO we Tährandaky, Almatydaky, Bangkokdaky sebit edaralarynyň wekilleri bilen sanly ulgam arkaly duşuşyklaryň birnäçesi geçirildi. Şunuň bilen birlikde, bellenilen döwürde ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyny hem-de Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyny giňeltmek boýunça işler dowam etdirildi.

Şeýle-de mejlisde Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň iri düzümleýin edaralarynda ornuny pugtalandyrmak, halkara ylmy hyzmatdaşlygy giňeltmek, sanly taslamalarda özara gatnaşyklaryň mümkinçilikleri we maglumatlary alyşmak ýaly möhüm meselelere garaldy.


düýn 17:48
3.8k+

Awazada Halkara ýoga güni bellenildi

7-nji iýunda Awazadaky «Tolkun» kottej toplumynyň kenarynda ýoga boýunça ussatlyk sapagy geçirildi. Bu çäräni her ýylyň 21-nji iýunynda bellenilýän Halkara ýoga gününi bellemegiň çäklerinde Hindistanyň......

düýn 12:12
2.4k+

Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2030-njy ýyla çenli Hereketleriň milli meýilnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanyň durmuş-ykdysady, jemgyýetçilik-syýasy we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda alnyp barylýan işlere erkekleriň we aýallaryň deň derejede gatnaşmagyny üpjün etmek maksady bilen döwlet Baştutany Karara......

07.06.2026 10:07
3k+

Türkmenistanda tebigatçylar üçin iki günlük ekologiýa çäresi guraldy

Türkmenistanda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli «Ýaşyl geljek üçin hyzmatdaşlyk» atly iki günlük ekologiýa çäresi geçirildi. Bu çäräni Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri barada Milli......

06.06.2026 14:40
2.4k+

Aşgabatda konsertler we sergi bilen Azerbaýjanyň medeniýet günleri geçirilýär

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy....