Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty (18.04 — 24.04)

  • 17.04.2022 19:20
  • 20k+

Howa maglumaty gullugy Türkmenistanda geljek hepdäniň dowamynda howanyň aglaba bulutlaşyp, üýtgäp durmagyna we wagtal-wagtal ýagşyň ýagmagyna garaşylýar diýip habar berýär. Gündiz howanyň aňrybaş temperaturasy +18-den +37 dereje aralygynda üýtgäp durar. 

Aşgabatda we Ahal welaýatynda duşenbe güni howa +18 derejeden başlar. Sişenbe güni howa +22-ä çenli gyzar. Çarşenbe güni howa açyk bolup, +28 derejede saklanar. Penşenbe güni termometriň sütünjigi +30 derejä galar, ýöne anna güni az-kem ýagyşly bolup, temperatura +24 derejä çenli aşaklar diýip garaşylýar. Şenbe günem howanyň biraz ygally bolmagy mümkin, howa bolsa +27 derejä çenli gyzar. Howa maglumaty gullugy ýekşenbe güni tizligi sekuntda 15 metre ýetýän şemal öwser diýip çaklaýarlar, howanyň aňrybaş gyzgynlygy +35 töwerek bolar.

Balkan welaýatynda hepdäniň duşenbe güni howa +19 dereje bolar diýip garaşylýar. Sişenbe güni howa +24-e çenli gyzar. Çarşenbe we anna günleri termometriň sütünjigi takmynan +28 - +29 derejäni görkezer. Annada howanyň temperaturasy +24-e çenli aşaklar diýip garaşylýar. Şenbe güni howanyň derejesi +26 töwerek bolar. Ýekşenbede howa +35 derejä çenli gyzar.  

Daşoguz welaýatynda duşenbe we sişenbe günleri howanyň temperaturasy +22 - +20 töwerek bolar. Çarşenbede +24-e çenli gyzmagy mümkin. Penşenbe güni howa gyzyp, +29 derejä ýeter. Anna güni gyzgynlyk ýokarlanyp, +31 derejäni görkezer. Şenbe güni az-kem ýagşyň ýagmagyna garaşylýar, howa +32 dereje bolar, ýekşenbe güni hem termometriň sütünjigi şu derejäni görkezer. 

Mary welaýatynda hepdäniň duşenbe güni 22,8 mm ygalyň düşmegine garaşylýar, howanyň gyzgynlygy bolsa şol gün +15 derejeden geçmez. Sişenbe güni termometriň sütünjigi +19 derejäni görkezer. Çarşenbe güni howa +24 derejä çenli gyzar. Penşenbe güni howa maglumaty gullugy howa +29 dereje bolar diýip çaklaýar, anna günem şeýle howa saklanar. Dynç günleri howa +33 derejä çenli gyzar.

Lebap welaýatynda duşenbede we sişenbede temperatura +22 dereje töwereginde bolar. çarşenbe güni 8,5 mm ygalyň düşmegine garaşylýar, temperatura bolsa +20 derejä çenli aşaklar. Penşenbe güni howa açylar we howa +28 derejä çenli gyzar. Anna güni howa hasam gyzyp, +29 derejä çykmagy mümkin. Dynç günleri howanyň gyzgynlygy +33 derejä ýeter.  


22.06.2026 14:18
7.5k+

Türkmenistanda şu hepde howa +43°С-a çenli gyzar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy şu hepde (22-28-nji iýun) ýurtda boljak howa barada maglumat berýär....

08.06.2026 15:19
7.2k+

Türkmenistanda howa maglumaty: hepdäniň başy we ahyry ýagyşly bolar

Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy Türkmenistanda şu hepde (8–14-nji iýun) bolmagyna garaşylýan howa barada maglumat berdi....

25.05.2026 11:42
8.5k+

Maýyň soňky günleri Türkmenistanda ýagynly we yssy bolar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada maglumat berdi....

11.05.2026 09:43
11k+

Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty: maý aýy bizi tomusa taýýarlaýar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada maglumat berdi....