Balkanda önümçilikde işleýän hünärmenler üçin täze ýaşaýyş jaýyny gurmak teklip edildi

  • 15.04.2022 07:26
  • 13k+

14-nji aprelde geçirilen Hökümetiň göçme mejlisinde wise-premýer Ç.Purçekow Prezident Serdar Berdimuhamedowyň garamagyna Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň Guwlymaýak şäherçesinde 472 hojalyga niýetlenen ýaşaýyş jaý toplumyny gurmak baradaky teklibini hödürledi.

Hasabatda nygtalyşy ýaly, Gyýanlydaky Polimer zawodynyň önümçiliginde ulanylýan himiki serişdeleriň önümçiligini ýola goýmak boýunça işler dowam etdirilýär. Milli ykdysadyýetiň pudaklaryny ösdürmek bilen bir hatarda, ilatyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmaga, olary häzirki talaplara laýyk getirmäge aýratyn üns berilýär.

Şunuň bilen baglylykda, zawodda hünärmenleriň ýurdumyzyň welaýatlaryndan gelip zähmet çekýändiklerini göz öňünde tutup, wise-premýer döwlet Baştutanynyň garamagyna Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň Guwlymaýak şäherçesinde 472 hojalyga niýetlenen ýaşaýyş jaý toplumyny gurmak baradaky teklibini hödürledi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, wise-premýeriň öňünde birnäçe gaýragoýulmasyz wezipeleri goýdy. Nygtalyşy ýaly, Balkan welaýatynyň tebigy baýlyklaryny, himiýa we gurluşyk önümçiliginiň çig mal gorlaryny rejeli hem-de netijeli ulanmak üçin, senagat we gurluşyk pudagynyň önümçilik kärhanalarynyň doly kuwwatynda işledilmegini gazanmak zerurdyr.


şu gün 11:13
2.8k+

Türkmenistanyň baýdagy Annapurna depesinde dikildi

«Morinžgeologiýa» hyzmat kärhanalarynyň toparynyň işgärleri Nepaldaky beýikligi 8091 metre ýetýän Annapurna depesine çykdy we onuň iň beýik nokadynda Türkmenistanyň Döwlet baýdagyny galdyrdy. «Altyn asyr»......

11.05.2026 22:59
1.3k+

Daşkentde «Ahalteke bedewi — halklaryň dostlugynyň nyşany» atly halkara maslahat geçirildi

Özbegistan Respublikasynyň paýtagty Daşkent şäherinde «Gündogaryň merjeni» ady bilen atly sport we gözellik bäsleşikleri hem-de «Ahalteke bedewi — halklaryň dostlugynyň nyşany» atly halkara ylmy-amaly maslahat......

08.05.2026 22:18
2.4k+

Türkmen kinematografiýaçylary «Turan» kinofestiwalynda abraýly baýraklara mynasyp boldy

3–8-nji maý aralygynda Türkiýäniň Izmir şäherinde guralan «Turan» halkara kinofestiwalynda türkmen kinematografiýaçylary uly üstünlik gazandy. Bu barada THP habar berýär....

07.05.2026 00:06
2.6k+

Pişik söýüjileriň bäsleşigi yglan edildi: gatnaşyjylar öz öý haýwany barada gürrüň bermeli

Ýewropa Bileleşiginiň (ÝB) Türkmenistandaky wekilhanasy Instagram sosial ulgamynda täze döredijilik bäsleşigini yglan etdi....