Serdar Berdimuhamedow Awazada egindeşleri bilen gezelenç etdi, welosiped sürdi

  • 15.04.2022 07:14
  • 18k+

 14-nji aprelde günüň ikinji ýarymynda Balkan welaýatynda saparda bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow egindeşleri bilen Hazaryň kenaryndaky gözel künjekde gezelenç etdi we welosiped sürdi.

Bellenilişi ýaly, dynç alşyň ýokary halkara derejesini özünde jemleýän Awaza halkymyzyň uly höwes bilen dynç alýan hem-de wagtyny peýdaly geçirýän künjegine öwrüldi. Döwlet Baştutany tomusky dynç alyş möwsüminiň ýakynlap gelýändigini belläp, oňa ýokary guramaçylyk derejesinde taýýarlyk görmegiň wajypdygyna ünsi çekdi.
Welosipedli ýörişiň dowamynda Awazanyň ekologik abadançylygyna aýawly garamak, onuň çäklerinde täze tokaý zolaklaryny döretmek bilen baglanyşykly meseleleri yzygiderli gözegçilikde saklamagyň wajypdygy bellenildi.
Soňra Prezident Serdar Berdimuhamedow egindeşleri bilen bilelikde “Awaza” köpugurly sport toplumyna geldi. Bu ýerde olar özara toparlara bölünip, sport bäsleşiklerini guradylar. 


düýn 11:16
1.6k+

Aşgabatda Ýewropa güni medeni-bilim festiwaly bilen bellenildi

Aşgabat şäheriniň «Arkaç» söwda-dynç alyş merkezinde Ýewropa gününe bagyşlanan «Ýewropa syýahaty» atly festiwal geçirildi. Bu medeni-bilim çäresi Ýewropa ýurtlarynyň däp-dessurlaryny bir ýere jemläp, paýtagtyň......

01.06.2026 16:11
1.7k+

15 sany çeper elli zenana «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen hormatly at dakyldy

Aşgabatda bellenilip geçilen Türkmen halysynyň baýramynyň çäklerinde halyçylyk pudagynyň işgärlerini we çeper elli zenanlaryny sarpalamak dabarasy boldy....

01.06.2026 14:36
2.8k+

Şu gün dünýäde we Türkmenistanda Çagalary goramagyň halkara güni bellenilýär

Tomsuň ilkinji güni bolan 1-nji iýunda dünýäniň köp ýurtlarynda parahatçylygyň, ýagşylygyň we ýylgyryşyň baýramy bolan Çagalary goramagyň halkara güni bellenilýär....

01.06.2026 14:04
2.7k+

«Türkmenhaly» halyçylyk senediniň ösüşindäki goşandy üçin TÜRKSOÝ-yň diplomyny aldy

Türkmen halysynyň baýramynyň çäklerinde «Türkmenhaly» döwlet birleşigi türki dünýäde halyçylyk senedini ösdürmäge goşan uly goşandy üçin Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) ýörite diplomyna mynasyp......