Serdar Berdimuhamedow Türkmenbaşydaky Halkara deňiz portuna baryp gördi

  • 15.04.2022 06:14
  • 7.5k+

14-nj aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow toý sapary bilen Balkan welaýatyna bardy. Şol gün Türkmenistanyň Prezidenti Hazar deňziniň kenarynda ýerleşýän Kongresler merkeziniň binasynda ilkinji gezek Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň günbatar welaýatyny durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlisiň dowamynda, şeýle-de degişli hasabatlar diňlenildi, birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Döwlet Baştutany wise-premýerleriň hasabatlaryny diňledi we ýolbaşçylaryň öňünde anyk wezipeleri kesgitledi. Hökümet mejlisiniň barşynda şeýle hem, geljek ýedi ýyl ýurdumyzyň sebitlerini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyny taýýarlamak meseleleri maslahatlaşyldy.
Mundan başga-da, Serdar Berdimuhamedow tomusky dynç alyş möwsümine ýokary derejede taýýarlyk görmegi tabşyrdy. Şunda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna aýratyn ähmiýer berildi.
Hökümet mejlisi tamamlanandan soň, döwlet Baştutany Türkmenbaşydaky Halkara deňiz portuna baryp gördi. Portda Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew portda alnyp barylýan işler hem-de onuň terminallarynyň enjamlaşdyrylyşy barada hasabat berdi.
Şu gün, 15-nji aprelde Serdar Berdimuhamedowyň Balkan welaýatyna saparynyň çäklerinde bu sebitde täze desgalaryň açylyş we düýbüni tutmak dabaralary geçiriler.


düýn 20:55
1.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.4k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......