Ýakynda Türkmenbaşydaky täze köpugurly hassahana ulanmaga berler

  • 12.04.2022 09:47
  • 6.8k+

Ýakynda Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde täze gurlan 400 orunlyk köpugurly hassahananyň açylyş dabarasy bolar. Oňa ýokary derejede taýýarlyk görmek boýunça alnyp barylýan işler barada 11-nji aprelde geçirilen iş maslahatynda welaýatyň häkimi T.Atahallyýew Türkmenistanyň Prezidentine hasabat berdi. 

Prezident Serdar Berdimuhamedow welaýatyň çäginde dürli maksatly desgalaryň gurluşygynyň ýokary hil derejesinde, öz wagtynda tamamlanmagynyň döwrüň möhüm talabydygyny belläp, olaryň, hususan-da, Türkmenbaşy şäherinde täze gurlan köpugurly hassahananyň açylyş dabarasynyň ýokary derejede geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Hazaryň kenarynda 2019-njy ýylyň martynda gurluşygyna başlanan bu köpugurly hassahanany «Ussat Inžener» hususy kärhanasy bina edýär. 7 gatly täze hassahanada dürli keselleriň öňüni almak, olary anyklamak hem-de bejermek işleri ýola goýlar.


düýn 12:08
4.6k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.7k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.6k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.3k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......